Alp daglarynda gülgüne gar peýda boldy

  • 07.07.2020 23:02
  • 9.7k+

Bu syrly waka Italiýada ýüze çykaryldy. Alymlar Alp daglarynyň buzly depelerinde gülgüne garyň peýda bolandygyny habar berdiler. Ony Presena buzlugynyň käbir ýerlerinde görmek bolýar. Gülgüne garyň Grenlandiýada tapylan ösümlik tarapyndan emele gelen bolmagy-da mümkin. Ol ösümlik howanyň üýtgemeginiň täsirini çaltlaşdyrýan suwotulardyr. Bu barada ekovolga.com habar berýär.
Aslynda, bu ösümligiň özi hiç hili howply däl we onuň ýaýramagy bütinleý tebigy hadysadyr. Asyl ady Ancylonema nordenskioeldii bolup, ol köplenç buzlary ereýän Grenlandiýanyň garaňky zonasy diýlip atlandyrylýan ýerde duş gelýär.
Buzuň adaty aýratynlygy onuň gün şöhlesini 80 göterime çenli yza serpikdirmek ukyby bilen baglydyr. Ýöne şeýle ösümlikler peýda bolanda, buzy garaldýar-da, ýylylygyň siňmegine we buzuň çalt eremegine şert döredýär. Buz has çalt eräp başlamagy bilen 2618 metr belentlikde ak buzlara gyzyl öwüşgin çaýyp, olar üçin has möhüm bolan suwy alýan suwotular köpelip ugraýar.
Gözlegçiler dürli hadysalaryň howanyň üýtgemegine edýän täsirine baha bermäge synanyşýarlar. Alymlar ähli ýagdaýlarda günäni adamyň üstüne atmaly däl diýip hasaplaýarlar. Mysal üçin, Alp daglary barada aýdylanda, syýahatçylaryň we daga dyrmaşýanlaryň gelmegi suwotularyň işjeň ýaýramagyna täsir edip biler.
Ýöne gözlegçileriň pikiriçe, bu faktorlary bilmek hem ýagdaýy düzedip baranok. Alymlar planetanyň ekosistemasyna öwezini dolup bolmajak zeper ýetendigine ynanýarlar. Indi hiç hili yza ýol ýok we bolýan zatlar bilen ylalaşmaly bolar. Olaryň pikiriçe, 2020-nji ýyl – aýratyn ýyl. Ol eýýäm adamzadyň başyna köp görgüleri getirdi. Häzirki wagtda atmosfera hadysalary hem ýaramazlaşmagyny dowam etdirýär. Howanyň gitdigiçe üýtgeýändigi has aýdyň görünýär. Alp daglarynda peýda bolan gülgüne gar hem munuň ýakyn mysalydyr.

düýn 07:41
8k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

düýn 07:40
6.2k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
8.3k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......