El hereketini «terjime edýän» «akylly» ellik döredildi

  • 06.07.2020 06:56
  • 6.2k+

Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary el hereketini adaty sözleýiş diline terjime etmäge ukyply "akylly" ellik döretdiler. “Newsroom”-yň habaryna görä, bu täze enjam lal-güň adamlara has aňsat aragatnaşyk gurmaga mümkinçilik berer. Bu barada ren.tv habar berýär.
Prototip enjam her barmagyň ugry boýunça uzaýan bäş sany çeýe datçik bilen enjamlaşdyrylandyr. Daşarda ýerleşýän tegelek tagta signallary alýar we ulanyjynyň telefonyna ugradýar. El hereketleri şol wagtyň özünde tanalýar we terjime ýörite programmada görkezilýär.
Ulgamyň yşaratlary tanap, sekuntda bir söz tizliginde tekste öwürýändigi bellenilýär. Amerikan el hereketleriniň dilinde ol, takmynan, 99 göterim takyklykda 660 yşaraty tanap bilýär.
Enjam geljekde kerlere yşarat dilinde gürlemeýän adamlar bilen aragatnaşyk saklamaga kömek eder, şeýle hem dilüsti däl aragatnaşyk usulyny öwretmek üçin ulanylyp bilner.

şu gün 17:39
671

Oýunlar kino ýaly: Nvidia-nyň DLSS 5 tehnologiýasy kompýuter grafikasynda uly öňegidişlik gazandy

Nvidia kompaniýasy DLSS 5 tehnologiýasyny hödürledi we ony «şöhle ýoly» (ray tracing) tehnologiýasynyň peýda bolan döwründen bäri kompýuter grafikasyndaky iň uly öňegidişlik diýip atlandyrdy. Tanyşdyrylyş mart aýynyň başynda geçirildi...

şu gün 16:49
1.4k+

Kanadanyň tebigatynyň ajaýyp gözelligini görkezýän surat bäsleşigi geçirildi

Canadian Geographic žurnaly tarapyndan guralan Canadian Photos of the Year 2025 bäsleşiginiň emin agzalary her ýyl geçirilýän surat bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdiler. Bäsleşige Kanadanyň tebigat görnüşlerini, janly-jandaryny we seýrek duş gelýän tebigy hadysalaryny görkezýän suratlary kabul edilýär...

şu gün 16:48
1.4k+

Ilkinji uçuşynda kösenmez ýaly gaýnynyň torbasyna giýewsi QR-kodly hat ýelmedi

Hytaýyň Sian şäheriniň ýaşaýjysy Çžao Çen ömründe birinji gezek ýeke özi ýola çykýan gaýynenesine kömek etmegiň täsin usulyny oýlap tapdy. 60-dan geçen zenan sowatsyzlygynyň üstüne, Hytaýda iň giň ýaýran gepleşik dili bolan mandarin dilinde hem gepläp bilmeýärdi...

şu gün 16:28
604

Google Android smartfonlaryň işini çaltlandyrmagyň we batareýasynyň ömrüni uzaltmagyň usuly barada aýtdy

Google kompaniýasy Android ulgamly smartfonlaryň öndürijiligini ýokarlandyrmaga we batareýasynyň işleýiş wagtyny uzaltmaga gönükdirilen düýpli kämilleşdiriş işlerini geçirýär. Munuň üçin Android LLVM toolchain platformasyny we Automatic Feedback-Directed Optimization (AutoFDO) tehnologiýasyny ulanmak meýilleşdirilýär...