Haýwanlar ýer titremesini öňünden duýup bilýärlermi?

  • 06.07.2020 06:12
  • 12k+

Hawa. Ýer titremelerinde haýwanlarda “altynjy duýgynyň” işläp başlaýandygyny tejribede subut etmegi başaran Halkara gözleg topary bu sowala, ynha, şeýle jogap berýär. Bu barada popmech.ru habar beýär.
Haýwanlaryň seýsmiki işjeňligiň ýokarlanmasyny duýmaga ukyplydygyna alymlar eýýäm köp wagt bäri ynanýardylar. Şeýle-de bolsa, bu çaklamalar, esasan, haýwanlaryň özüni alyp barşynyň üýtgemegi bilen bagly dürli ýagdaýlara esaslanýardy – hadysanyň gutarnykly ylmy subutnamasy bolsa häli-häzire çenli ýokdy. Maks Plank Jemgyýetiniň Haýwanlaryň özüni alyp barşyny öwreniş institutyndan Martin Wikelskiniň ýolbaşçylygyndaky gözleg topary bu «boşlugy» doldurmagy başardy.
Synag üçin Italiýanyň seýsmiki taýdan işjeň sebitinde ýerleşýän fermadan alty sygyr, bäş goýun we iki sany it saýlanyp alyndy. Haýwanlar tizlik datçikleri bilen enjamlaşdyryldy we birnäçe aýlap olaryň özlerini alyp barşyna gözegçilik edildi. Gözegçilik edilen döwürde şol töwerekde 18 müň ýer titremesi (esasan, kiçi ýer titremeleri) bolup geçdi. Ýöne ýer titremeleriniň 12 sanysy Rihter şkalasy boýunça dört ýa-da ondan uly magnituda bilen ýüze çykdy.
Bu ýer titremelerinden fermanyň özünde statistik taýdan möhüm toprak hereketlerine sebäp bolanlary – ýa-ha merkezi 28 kilometre çenli uzaklykda ýerleşýän güýçli sarsgynlar ýa-da merkezi juda golaýda ýerleşýän gowşak sarsgynlar saýlandy. Seýsmiki maglumatlar haýwanlaryň özüni alyp barşynda ýüze çykan aýratyn ähmiýetli üýtgeşmeler bilen birleşdirildi. Sygyrlaryň, goýunlaryň we itleriň özüni alyp baryş reaksiýalarynyň biri-birinden tapawutlanýanlygy sebäpli, maglumatlary bahalandyrmak üçin bazarlarda maýa goýujylaryň özlerini alyp barşyny seljermekde ulanylýan ekonometrik usul saýlanyp alyndy. Şunuň bilen baglylykda, haýwanlaryň adaty özüni alyp barşynyň bozulmagyna täsir edýän dürli faktorlar hem göz öňünde tutuldy.
Netijede, haýwanlaryň özüni alyp barşynyň ýer titremesinden ýigrimi sagat ýa-da ondanam öňräk üýtgändigi anyklandy. Gözlegiň awtorlarynyň bellemegine görä, haýwanlar ýer titremesiniň merkezine näçe ýakyn bolsa, garaşylyşy ýaly, olaryň özlerini alyp baryşlary şonça-da üýtgäpdir. Sebäbi merkezde ýer üstüniň iň möhüm fiziki üýtgeşmeleri bolup geçýär. Şol bir wagtyň özünde, alymlar bu ýagdaýy diňe ähli synag edilýän haýwanlary şol bir wagtyň özünde synlamak arkaly kesgitläp bildiler – olaryň özüni alyp barşynyň üýtgemelerini köpçülikleýin anyklamak aýratynlykdakydan has aňsat boldy.
Şeýle-de bolsa, gözlegiň awtorlary haýwanlaryň ýer titremelerini öňünden duýmak ukybyny subut etseler hem, munuň nädip beýle bolýandygyny düşündirip bilmediler. Belki, olar howanyň aşa ionlaşmagyny ýa-da ýerasty gazlaryň göterilmesini duýýandyrlar – bular häzirlikçe diňe bir çaklama bolup galýar.
Şeýle-de bolsa, alymlar haýwanlaryň bu ukybyny özüňi alyp barşyň reaksiýalaryna gözegçilik edýän we her üç minutda bir kompýutere signal iberýän ýörite çipe esaslanýan irki duýduryş ulgamynyň prototipini döretmek üçin ulanmaga synanyşdylar. Ulgamyň işleýşi şeýle: eger-de 45 minutlap haýwanyň özüni alyp barşy adaty däl ýaly görünse, kompýuter howsala signalyny berýär. Tejribäniň dowamynda hem, bir gezek howsala signaly işledi, signaldan üç sagat soň bolsa merkezi haýwanlaryň bolýan ammaryň aşagynda ýerleşýän kiçijik ýer titremesi bolup geçdi.
Ýöne ýüze çykarylan effektiň özüne we onuň arkasyndaky mehanizmlere takyk düşünmek üçin has köp wagtyň dowamynda we dünýäniň dürli sebitlerinde köp sanly haýwanlaryň üstünden has köp gözegçilik etmeli. Gözlegiň awtorlary bu işi çipleşdirilen haýwanlary yzarlamak üçin döredilen «Ikarus» ulgamynyň kömegi bilen amala aşyrarlar.

düýn 14:25
4.7k+

«Mukaddes behişt ýoly» HK Oraza aýynda umra zyýaratlaryny gurnap berýär

Gelşi bilen güldüren, Kalba huzur dolduran, Ynsanlygy bildiren, Remezan geldi, Remezan. Säherde galkyň ynsanlar, Hatym ediň Kuranlar, “Eý, wah” diýsin şeýtanlar, Remezan geldi, Remezan. Gaflat aýy däldir bu, Öýke aýam däldir bu, Rahmet aýy diýmek bu, Remezan geldi, Remezan...

düýn 09:44
1.6k+

Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde täze şowhunly tomaşa görkezilýär

Dynç güni — bu diňe bir iş günleriniň arasyndaky arakesme däl. Bu adaty durmuşyň depgininden çykyp, özüňize we ýakynlaryňyza ýatdan çykmajak duýgulary peşgeş bermek üçin gowy mümkinçilikdir. Arkadag şäherinde şeýle pursatlary peşgeş berýär ýerleriň biri hem Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkidir...

16.02.2026 09:59
9.9k+

29 gradusa çenli maýyllyk hem-de ýagyşlar: hepdelik howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar...

13.02.2026 18:26
28k+

2026-njy ýylda Oraza aýynda Aşgabatda we welaýatlarda agyz beklenýän we agzaçar wagtlary

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Günüň ýaşmagy bilen sahawatyň, halallygyň we haýyrly işleriň aýy bolan mukaddes Oraza aýy başlanýar. Türkmenistanda şu ýyl Orazanyň ilkinji güni 18-nji fewrala, soňky güni bolsa — 19-njy marta gabat gelýär...