Ýaponiýanyň hemralary kosmiki hapalary lazer bilen ýok ederler

  • 04.07.2020 15:39
  • 5k+

Kosmiki hapa — astronomlar üçin hem, hereket edýän hemralar üçin hem uly mesele bolup durýar. Köp ýurtlar we hususy kompaniýalar biziň orbitamyzy hereket etmeýän kosmiki enjamlardan nähili ýagdaýda netijeli arassalap boljakdygy barada pikir edýärler.
JSAT inženerleri kosmiki hapalary ýok etmäge kömek edip biljek lazer bilen üpjün edilen hemrany orbita goýbermegi meýilleşdirýändiklerini habar berdiler, muny popmech.ru ýetirýär. Kompaniýa enjamy 2026-njy ýylda goýbermegi göz öňünde tutýar. Ýöne lazerli enjam bilen tejribelere 2024-nji ýylda başlamak meýilleşdirilýär. Ilkinji işler bir wagt beýleki işjeň hemralar bilen çaknyşar diýip alymlaryň ätiýaç edýän uly bolmadyk hapa böleklerinde alnyp barlar. Hemra gysga impulslar bilen “atmaga” niýetlenilen kuwwaty pes bolan lazer bilen üpjün ediler. Lazeriň kömegi bilen kosmiki hapanyň tutuş bölegini ýakmagyň deregine, topar her bir hapa böleginiň uly bolmadyk belli bir gönükdirilen meýdanyny eretmegi meýilleşdirýär.
Eredilen meýdan gazyň birnäçe mukdaryny çykarar, netijede ol hapanyň öz ýoluny üýtgetmegine we onuň doly derejede ýanjak Ýeriň atmosferasyna yzyna gitmegine getirer. Hemranyň agramy 270-den 320 kilograma çenli bolar we ähtimal, Ýeriň üstünden 560 we 970 kilometr aralygyndaky orbita çykarylar. Bu çäkde alymlaryň çaklamalaryna görä, häzir Ýeriň daşyndan aýlanýan ähli 170 million hapanyň köp sanly jisimleri ýerleşýär.
Kosmiki hapalaryň uly bölegi, esasan, beýleki hemralardan ýa-da raketalardan gaçan ownujak böleklerden düzülen bary-ýogy birnäçe santimetr ýa-da ondan az bolan hapalar bilen ölçenilýär. Uly bolmadyk ölçegine garamazdan, 7,5 km/s tizlikde uçmak bilen olar hereket edýän hemralara we kosmiki stansiýalara düýpli zyýan ýetirip bilýärler.
Belläp geçsek, Sky Perfect JSAT Group hemra arkaly aragatnaşyk we hemra telewideniýasy bilen meşgullanýan iň uly aziýa kompaniýalarynyň biridir.

şu gün 13:48
1.2k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

düýn 14:38
3.3k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

düýn 08:10
4.7k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......