Awtohünärmenler elektrokarlara bolan islegiň pes bolmagynyň sebäbini düşündirdiler

  • 01.07.2020 11:48
  • 5.8k+

Munuň sebäbini anyklamak üçin awtomobil hünärmenleri ulaglaryň söwda we kireýne berilýän bazarlaryny seljerip gördüler. Elektrik ulaglary pudagynyň örän çalt ösýändigine garamazdan, alyjylaryň köpüsi klassyky içinden otlanýan hereketlendirijili (IOH) ulaglary makul hasaplamagy dowam etdirýärler. Şeýle ymtylyş infrastrukturanyň ýokary derejede ýerleşýän, dizel motorly ulaglaryň bolsa ýuwaş-ýuwaşdan gadagan edilýän ýeri bolan hatda Ýewropada hem görünýär. “Süddeutsche Zeitung” neşiriniň hünärmenleri şeýle ymtylyşyň sebäbiniň nämededigini seljerip gördüler. Bu barada glas.ru habar berýär.
Munuň sebäpleriniň biri elektrik awtomobilleriň bahasynyň ýokary bolmagydyr. Olaryň umumy ösüşine garamazdan, öndürijiler heniz elektrokarlaryň bahasyny klassyky IOH-ly ulagyň bahasyna çenli düşürmäge taýýar däl. Ikinji sebäbini anyklamak üçin “Germaniýada çaltlyk” ady bilen derňew geçirildi.
Onuň netijesi boýunça, Germaniýanyň ýaşaýjylarynyň karşering hyzmatyndan peýdalanmak bilen ulagyň haýsy görnüşini makul hasaplaýandygy belli boldy. Netijede gatnawlaryň sanynyň, takmyn birmeňzeş bolandygy, olaryň dowamlylygynyň bolsa ep-esli tapawutlanandygy anyklanyldy. Elektrik ulaglar benzinli ulaglara garanda has az aralygy geçdiler.
Şundan ugur alyp, infrastruktura ýetmezçiligi sebäpli adamlaryň ýoluň ortarasynda akkumulýatoryň zarýadsyz galmagyndan ätiýaçlyk edýändigi baradaky netijä gelmek bolýar.
Üçünji, ýöne esasy däl sebäp endik bolup durýar, häzirki günde elektrokarlar giň ýaýrawa eýe bolmady. Şonuň üçin gatnawlary kireýne alnan elektrik awtolarda amala aşyrmaga köpler taýýar, ýöne ony satyn almaga bolsa hemme däl.

düýn 11:57
4.7k+

Toyota-nyň inženerleri Land Cruiser 250 ulagyny ogurlap bolmaz ýaly etdiler

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250 (Prado) wnedorožnigini täzeledi we ogurlykdan goragyny güýçlendirmäge ünsi jemledi. Model birnäçe goşmaça wariantlary, şeýle hem ogurlanmak töwekgelçiligini azaltmaga......

10.04.2026 20:27
2.5k+

BMW-niň Mýunhendäki iň köne zawody elektrokar önümçiliginiň merkezine öwrüler

BMW kompaniýasy özüniň Mýunhendäki 104 ýyllyk taryhy bolan iň köne zawodyny düýpli üýtgedip gurmaga başlady. 2027-nji ýyla çenli bu kärhana diňe elektromobilleri öndürip başlar....

08.04.2026 18:35
5.8k+

Toyota Corolla 5 ýyldan soň hem ikinji el bazarynda öz gymmatyny saklaýar

Toyota Corolla Hatchback bazarda öz bahasyny iň gowy saklaýan awtomobilleriň biridir. Analitikleriň maglumatlaryna görä, bu model bäş ýylyň dowamynda öz bahasynyň, takmynan, 23%-ini ýitirýär, bu bolsa......

06.04.2026 16:59
3.9k+

BMW konserni 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini tamamlaýar

BMW kompaniýasy 8-nji seriýaly awtoulaglarynyň önümçiligini şu ýylyň aprelinde bes eder. Bu barada  kompaniýanyň beýanatyna salgylanýan CarBuzz  neşiri habar berýär....