Şwesiýada BSGG-ni “maglumatlary nädogry düşündirýändigi” sebäpli tankytladylar

  • 28.06.2020 17:46
  • 9.1k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) koronawirus ýaýrawynyň depgini barada gürrüň gidende Şwesiýany “howpsuz däl ýurt” hasaplaýar we ony Albaniýa, Moldawiýa we Azerbaýjan ýaly ýurtlaryň hatarynda goýýar. Öz gezeginde Şwesiýanyň döwlet epidemiology Anders Tegnell BSGG-niň garaýşyny “maglumatlary düýbünden ýalňyş düşündirýändigi” sebäpli tankytlaýar. Bu barada SVT Nyheter agentligi habar berýär, muny regnum.ru ýetirýär.
Belläp geçsek, Şwesiýa Ýewropa Bileleşiginiň epidemiýany saklamak üçin “özüňi üzňelikde saklamak” režimini girizmedik we mekdepleri hem-de jemgyýetçilik ýerlerini ýapmadyk ýeke-täk ýurdy bolmagynda galýar. Ilata diňe sosial aradaşlyk düzgünlerini berjaý etmek maslahat berildi. 
Öň BSGG koronawirus ýaýrawynyň depgininiň çendenaşa ýokary bolan on bir ýurdy bilen baglylykda ýörite duýduryş çykardy. Şwesiýadan başga-da sanawa Ermenistan, Moldawiýa, Demirgazyk Makedoniýa, Azerbaýjan, Gazagystan, Albaniýa, Bosniýa we Gersegowina, Gyrgyzystan, Ukraina we Kosowo girdi. Ýöne Şwesiýanyň döwlet epidemiology BSGG-niň düşündirmesi bilen düýbünden ylalaşmaýar we ol epidemiologik ýagdaý ýurtda ýaramaz görnüp biler, ýöne munuň hakykat bilen hiç hili gatnaşygy ýok diýip hasaplaýar.
“Bizde Şwesiýada ýüze çykarylýan ýagdaýlaryň sany artýar, ýöne bu biziň öňkä garanda has köp adamy barlagdan geçirýändigimiz sebäplidir. Gynansak-da, adamlar Şwesiýany hiç hili meselesi bolmadyk ýurtlar bilen garyşdyrýarlar, olaryň bolsa özleriniň epidemiýasynyň başlangyjynda bolmagy ahmal. Gynansak-da, bu maglumatlaryň düýbünden nädogry düşündirilişi” – diýip, Tegnell gaharlanýar hem-de BSGG-niň wekilleriniň ýagdaýy anyklaşdyrmak üçin özleriniň şwed kärdeşleri bilen habarlaşmandygyny hem sözüniň üstüne goşýar. Ol Şwesiýada koronawirusdan ýogalma derejesiniň peselýändigini hem belledi. 
Şu günki günde Şwesiýada COVID-19-yň 68 390 ýagdaýy bellige alyndy, 5230 adam ýogaldy. Bu bolsa Demirgazyk Ýewropanyň beýleki ýurtlarynyň görkezijilerinden hem ýokarydyr, ýöne şwed ykdysadyýeti birinji ýarymýyllykda ösüşi görkezdi.

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......