Hindi ummanynda täze yklym döreýär

  • 25.06.2020 22:38
  • 6.8k+

Fransiýanyň we Awstraliýanyň alymlary Hindi ummanynyň günortasynda adalaryň emele gelen jynslarynyň düzümini barlap gördüler we bu ýerde “başlangyç yklymyň” ýuwaş-ýuwaşdan emele gelme hadysasynyň bolup geçýändigini anykladylar. Bu barada sm-news.ru habar berýär.
Şeýle hadysalar kontinental serhetlerde ýerleşýän subduksion zonalaryň artmagy bilen bolup geçýär diýlip çaklanyldy. Bu zonalaryň artmagy esasynda ummanlaryň litosfera daşlary kontinentiň astyna gidýär. Kontinentleriň daşlarynyň litosfera daşlary bilen garyşma hadysasynyň netijesinde ýokary galmak bilen ýokarky kontinental gatlagy döredýän özboluşly magma emele gelýär.
Geologik metodologlaryň nukdaýnazary boýunça, bar bolan bu ýokarky gatlak dünýä ummanlarynyň suwlary bilen yklymlaryň ýerleriniň arasynda tapawut emele getirýär. Dünýä ummanlarynyň gabygy dykyz däl we mantiý elementiniň ereme hadysasynyň esasynda döreýän bazaltlardan düzülen bolup durýar, gabyk yklymlarda berk we agramly bolýar.
Hindi ummanynda Kergelen adalygynyň ýerleşýän ýerinde Antarktida sebitinde geçirilen ylmy gözlegleriň netijesi magmanyň hem, yklymlaryň gabygynyň hem diňe bir subduksion zonalarda emele gelmeýändigini görkezdi. Ýagny, ummanlaryň içindäki uly çuňlukda hem şeýle hadysalara duşmak bolýar. Şu faktyň esasynda şeýle usul bilen kontinental emele gelme bolup geçýär diýlen pikir öňe sürüldi. Ylmy işiň awtorlary şeýle usul bilen Ýerde hem ilkinji yklymlaryň dörändigini nygtaýarlar.
“Umman adalary, düzgün bolşy ýaly, suwuň üstüne galýan wulkan depelerini öz içine alýar. Eger-de Kergelen adalygy barada aýtsak, onuň adasy Kergelen belentliginiň umman gabygyny deşip geçýän wulkan bolup durýar. Adalara häsiýetli bolan bazaltlardan başga-da, ýerli jynslarda sienitlerden ybarat bolan magmatik girizilmeler hem bar. Öň granit maşgalasynyň bu kislotaly jynslary diňe yklymlarda duş gelýär diýlip hasaplanylýardy” – diýip, alymlar belleýär.

16.03.2026 19:31
4.3k+

Gawaýidäki Kilauea wulkany 540 metr beýiklige lawa zyňdy

Gawaýi adasyndaky Kilauea wulkany soňky atylmasy wagtynda 540 metr beýiklige lawa zyňdy. «IFLscience» neşiriniň ýazmagyna görä, bu beýiklik 2024-nji ýylyň dekabryndan bäri dowam edýän häzirki atylmalar döwründe iň ýokary dereje boldy...

16.03.2026 16:46
7.3k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

15.03.2026 16:30
7.6k+

Reýunýon adasyndaky wulkan oýanyp, ýolundaky ähli zady ýoklamaga başlady

Hindi ummanyndaky fransuz adasy Reýunýonda dünýäniň iň güýçli wulkanlarynyň biri — Piton-de-la-Furnez oýandy. Bu tebigy hadysa barada Shot Telegram-kanaly habar berýär. Paýlaşylan wideoşekillerde lawanyň äpet çogdumyny we kilometrlere uzaýan gyzgyn akymlaryny görmek bolýar...

12.03.2026 23:40
12k+

ABŞ-nyň birnäçe ştatyna wehimli tornado aralaşyp, güýçli doly ýagdy

Hepdäniň başynda ABŞ-nyň birnäçe sebitinde yzigiderli dowam edýän güýçli harasatlar başlandy. Tehasdan Miçigana çenli bolan aralykdaky ýerlerde çabga ýagyşlary, uly göwrümli doly we güýçli ýel hasaba alyndy. Tebigy harasat sişenbe güni, 10-njy martda başlandy...