Alymlar deňizde suwa düşmegiň howpludygyny aýtdylar

  • 19.06.2020 22:18
  • 9k+

Britan alymlary respirator wiruslary bilen keselleme howpunyň deňizde örän ýokarydygy baradaky pikire geldiler. Olar barlag işini alyp bardylar, onuň dowamynda Angliýada we Uelsde deňiz dynç alşyny söýüjileriň 2,6 müňden gowragy bilen sorag geçirdiler. Bu barada live24.ru habar berýär.
Syýahatçylaryň 24%-iniň respirator infeksiýasynyň, şeýle-de göz, deri we gulak keselleriniň alamatlaryndan zeýrenýändikleri belli boldy. Emma deňizde ýüzmegiň tarapdarlary bolmadyklar bolsa gaty azdy, sorag edilenleriň bary-ýogy 7%-i.
Şeýle-de, deňizde suwa düşmegi söýüjilerde diňe kenarda Güne ýanmagy we deňizden uzakda bolmagy makul hasaplaýanlar bilen deňeşdirilende deri we gulak keselleriniň ýüze çykmak howpunyň 2-3 esse ýokarydygy ýüze çykaryldy. Muňa garamazdan, respirator we rotawirus kesellerini kabul etmek howpunyň deňizde dynç alýanlarda nähili derejede ýokarydygyny kesgitlemek başartmady.
Barlagyň dowamynda näsaglygyň anyk sebäpleri gözden geçirilmedi, ýöne olaryň akar suwlar bilen deňze düşýän bakteriýalaryň we wiruslaryň esasynda ýüze çykýan bolmagy ähtimal.
Barlagçylar köp wagtlaryny deňiz tolkunlarynyň ýanynda geçirýän adamlaryň fiziki we psihiki saglygynyň ondan daşda saklanýanlara garanda has gowudygyna-da üns berdiler. Şeýle-de bolsa deňiz gezelençleri wagtynda munuň üçin ýeri örän oýlanyşykly saýlamagy maslahat berýärler. Meselem, hünärmenler hapa howdanlarda suwa düşmezligi maslahat berýärler.

düýn 18:22
7.6k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.6k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.4k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....