Alymlar unaşy nädip dogry döwmelidigini anykladylar

  • 09.06.2020 15:37
  • 6.7k+

Eger-de unaşy iki ujundan tutup döwseň, ol üç-dört bölege bölüner. Bu ýagdaý iki ujundan egreldilýän uzyn bitewi predmetiň ortasyndan şatyrdap, iki bölege bölünmelidigi baradaky durmuşy tassyklamalaryň ählisine garamazdan şeýle bolup geçer. Muny tvbrics.com habar berýär.
Bu hadysany fizikler öňden bäri düşündirmäge çalyşýarlar. Meseläni çözmek hatda kwant elektrodinamikany döredijileriň biri bolan Riçard Feýnmana hem başartmady.
“Unaş meselesi” 2005-nji ýyla çenli ýörgünli boldy. Hut 15 ýyl mundan öň Fransiýanyň alymlar topary unaş gaty egreldilen ýagdaýynda onuň, hakykatdanam, ortasyndan döwülýändigini, ýöne şunuň bilen ýüze çykýan güýjüň obýektiň goşmaça döwülmegine getirýändigini anykladylar. Şu açyş üçin alymlar bir ýyldan degişme äheňinde Ignobel baýragyny hem aldylar.
Ýöne unaşy deň ýarysyndan döwmegiň usuly aslynda barmyka? Bu ylmy meseläni çözmek işine Massaçusets tehnologik institutynyň we Kornel uniwersitetiniň alymlar topary synanyşdylar. Alymlar unaşy towladylar we unaş, hakykatdanam, takmyn deň bölege bölündi.
Şeýle möhüm eksperiment üçin Kornel uniwersitetinden Ronald Haýsser ýörite enjam döretdi. “Unaş enjamynda” bir fiksator tow beriji dartgynlylygy döretmek bilen aýlanýar, ikinjisi bolsa unaşyň uçlaryna täsir edip we döwüji güýji döredip, onuň bilen ugurdaş hereket edýär. Bu açyşy sekuntda 1 million kadr alýan ýokary tizlikli kamera ýazgy etdiler.
Netijede, unaşyň olary, takmyn, 360 gradus towlanyňda deň iki bölege bölünýändigi anyklanyldy. Bu netijäni düşündirmek üçin alymlar tarapyndan matematiki model hödürlenildi. Bu matematiki modeli degişmesiz adamzadyň bähbidine ulanmak bolýar. Ýagny, alnan maglumatlar köp sanly uzyn we inçe turbalaryň ulanylýan ýerinde, nanotehnologiýada peýdaly bolup biler.

12.05.2026 15:08
4.3k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4.4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.3k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.8k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....