Hytaýda syýahatçylyk gaýtadan dikelýär

  • 06.05.2020 22:12
  • 2.9k+

Hytaýda syýahatçylyk ýene-de dikeldilip başlandy. Içerki bazarda aýlanýanlaryň sany 23 mln adamdan geçdi, bir günüň dowamynda olar 1,3 mlrd dollardan gowrak sarp etdiler. Syýahatçylar HHR-iň territoriýasyndaky ajaýyplyklaryň 70%-ine barmaga, aýlanmaga mümkinçilik gazandylar. Bu barada Euronews habar berýär.
Pekiniň ýaşaýjylary şäherden çykmaga howlugýarlar. “Awtoulaglaryň akymy minutda 40-50 ulaga barabar bolýar, kähalatlarda bolsa ol iki-üç esse artýar” – diýip, ýol polisiýasynyň işgäri aýdýar. Häzirki wagtda uçarlarda hem boş ýerler ýok.
Hökümetiň tabşyrygy boýunça ilat heniz hem ýokary howpsuzlyk çärelerini berjaý edýärler, ýagny gorag maskalaryny dakynmaly, jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi alyp baryş hereketlerini kadalaşdyrýan aýratyn düzgünler hem saklanýar.
Hytaýyň medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bir günüň dowamynda adamlaryň uly möçberde üýşmesiniň bolmandygyny, syýahatçylar üçin ähli açyk obýektleriň howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek bilen gurnalan tertip boýunça işleýändiklerini habar berýär. Syýahatçylyk obýektleri gelýän adamlaryň resmi bellenilen gündeki maksimal möçberinden häzirlikçe 30%-ni kabul edip bilýärler.

10.05.2026 22:08
7.9k+

Türk myhmanhanalary syýahatçylyk ýollanmalaryň bahasyny aşak düşürýärler: dynç almak üçin arzanladyşlar 25%-e ýetýär

Şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy halkara ýagdaýlaryň durnuksyzlygy sebäpli, öňünden bron edilýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalandygyny hasaba aldy. Bu barada Türkiýäniň Ekonomim gazeti......

03.05.2026 11:40
4.1k+

Alp daglarynda dünýäniň iň uzyn demir ýol tuneli gurulýar

Häzirki wagtda Alp daglarynyň aşagyndan dünýäniň iň uzyn demir ýol tunelini geçirmek boýunça gurluşyk işleri dowam edýär. Bu täsin desganyň taýyn görnüşdäki umumy uzynlygy 64 kilometre ýeter....

01.05.2026 15:59
4.5k+

Müsürde arheologlar faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy

Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 07:10
4.9k+

​"Şäher ägirt uly myhmanhana bolup bilmez": Afiny syýahatçylyk boýunça berk çäreleri yglan etdi

Afinynyň şäher häkimligi syýahatçylaryň aşa köp gelýändigi sebäpli taryhy Plaka etrabynda syýahatçylygy goldaýan ähli maksatnamalaryny togtatmak kararyna geldi. Geçen ýyl şäher rekord derejede 8 million......