Ispaniýanyň iýunyň ahyryna çenli kadaly ýaşaýşa dolanmagy ahmal

  • 30.04.2020 17:28
  • 3.7k+

Ispaniýanyň iýunyň ahyryna çenli kadaly ýaşaýşa we karantiniň doly derejede aýrylmagyna dolanmagy mümkin diýip, ýurduň premýer-ministri Pedro Sançes belleýär. Bu  barada RiaNowosti habar berýär.
Ministrler geňeşi ýurduň karantinden ýuwaş-ýuwaş çykarylmagynyň dört tapgyrdan ybarat bolan meýilnamasyny düzdüler. Onuň aýtmagyna görä, proses “kem-kemden, dürli sebitde dürlüçe we utgaşdyrylan bolar”. Ol çäklendiriji çäreleri aýyrmagyň dürli tapgyrlarynda boljak Ispaniýanyň welaýatlarynyň arasyndaky hereketler iň soňky tapgyr “deeskalasiýa” çenli ýapyk bolar diýip pikir edýär.
“Deeskalasiýanyň her bir döwri azyndan iki hepde dowam eder, çünki iki hepde – wirusyň ýüze çykmagynyň ortaça wagty. Bu täze kadaly ýagdaýa geçmek tapgyrynyň her bir territoriýada alty hepde, ýagny bir ýarym aý dowam etjekdigini aňladýar. Eger-de ähli zat häzirkisi ýaly geçse, onda biz munuň ispan territoriýasy üçin sekiz hepde dowam etmegini isleýäris. Şonuň üçin eger-de epidemiýanyň ösüşine her bir territoriýada gözegçilik edilse, onda iýunyň ahyryna çenli biz ýurt hökmünde täze kadaly ýagdaýda bolarys” – diýip, Sançes hökümetiň mejlisiniň jemi boýunça metbugat maslahatynda belledi.
Onuň aýtmagyna görä, tapgyrlar her bir anyk welaýatda we epidemiologik ýagdaý hem-de hassahanalaryň taýýarlygy bilen baglylykda adalarda hem kesgitleniler. Onuň bellemegine görä, birinji ýa-da “nolunjy, taýýarlaýjy tapgyr” eýýäm başlady.
Nolunjy döwürde deslapky ýazgylar boýunça käbir hususy edaralar açylar. Nolunjy döwür Ispaniýanyň territoriýasynda 4-nji maýdan başlamaly, Kanar we Balear adalarynyň käbirleri bu seneden eýýäm birinji döwre geçip bilýärler. Birinji tapgyrda howpsuzlygyň berk çärelerini berjaý etmek bilen käbir uly bolmadyk dükanlar işe başlar. Dükanlarda 65 ýaşdan uly adamlar üçin “ýeňillikler sanawy” gurnalar. 
Ikinji döwürde restoranlaryň içindäki hyzmatlar dikeldiler, içinde 50-ä çenli, arassa howada 400-den az adamyň gatnaşmagynda medeniýet çärelerini geçirip bolar.
Soňky tapgyrda hereket etme boýunça çäklendirmeler aýrylar. Ýöne restoranlarda gelýän adam sanynda çäk saklanylar.
Belläp geçsek, Parižde hem çäklendirmeleri gowşatmaklyga taýýarlyk görülýär. Ýagny, fransuzlar 11-nji maýdan ýörite ygtyýarnamasyz hereket etmek mümkinçiligini alarlar.

10.05.2026 22:08
7.9k+

Türk myhmanhanalary syýahatçylyk ýollanmalaryň bahasyny aşak düşürýärler: dynç almak üçin arzanladyşlar 25%-e ýetýär

Şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy halkara ýagdaýlaryň durnuksyzlygy sebäpli, öňünden bron edilýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalandygyny hasaba aldy. Bu barada Türkiýäniň Ekonomim gazeti......

03.05.2026 11:40
4.1k+

Alp daglarynda dünýäniň iň uzyn demir ýol tuneli gurulýar

Häzirki wagtda Alp daglarynyň aşagyndan dünýäniň iň uzyn demir ýol tunelini geçirmek boýunça gurluşyk işleri dowam edýär. Bu täsin desganyň taýyn görnüşdäki umumy uzynlygy 64 kilometre ýeter....

01.05.2026 15:59
4.5k+

Müsürde arheologlar faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy

Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 07:10
4.9k+

​"Şäher ägirt uly myhmanhana bolup bilmez": Afiny syýahatçylyk boýunça berk çäreleri yglan etdi

Afinynyň şäher häkimligi syýahatçylaryň aşa köp gelýändigi sebäpli taryhy Plaka etrabynda syýahatçylygy goldaýan ähli maksatnamalaryny togtatmak kararyna geldi. Geçen ýyl şäher rekord derejede 8 million......