«Türkmenhowaýollary» halkara gatnawlary bes etmegini 20-nji maýa çenli uzaltdy

  • 18.04.2020 14:14
  • 16k+

«Türkmenhowaýollary» agentligi dünýäde COVID-19 koronawirus pandemiýasynyň ýaýramagy zerarly halkara gatnawlaryny bes etmeginiň möhletini şu ýylyň 20-nji maýyna çenli uzaltdy. Bu barada ArzuwNews habar berýär.
Ýurdumyzda ýokanç keseliň täze görnüşiniň — COVID-19 koronawirusynyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler öz wagtynda görüldi. Hususan-da, serhet, migrasiýa, gümrük düzgünleri tapgyrlaýyn berkidildi. Şol bir wagtyň özünde emele gelen hakyky ýagdaýlar sebäpli, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen howa gatnawlary çäklendirildi diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýakynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatynda eden çykyşynda belledi.
Awiakompaniýa ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylaryna petekleriniň puluny gaýtaryp almak üçin, ony alan ýerine arza bermegi ýa-da gatnawlaryň açylanyna garaşyp, petekleri gaýtadan bronlamagy teklip edýär.
Belläp geçsek, howa gatnawlarynyň ýatyrylmagy we ýük akymlarynyň azalmagy netijesinde, ulag agentlikleriň önümçilik tabşyrygyny ýerine ýetirmegi bilen bagly meseleleriň ýüze çykmagynyň ähtimallygyny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti degişli ýolbaşçylara ýylyň ahyryna çenli ýüze çykyp biläýjek ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşyp, agentlikleriň salgytlary ýa bolmasa alan karzlaryny tölemeli möhletini gaýra goýmak ýa-da olary goldamak boýunça beýleki çäreleri görmek barada teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

10.05.2026 22:08
7.9k+

Türk myhmanhanalary syýahatçylyk ýollanmalaryň bahasyny aşak düşürýärler: dynç almak üçin arzanladyşlar 25%-e ýetýär

Şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy halkara ýagdaýlaryň durnuksyzlygy sebäpli, öňünden bron edilýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalandygyny hasaba aldy. Bu barada Türkiýäniň Ekonomim gazeti......

03.05.2026 11:40
4.1k+

Alp daglarynda dünýäniň iň uzyn demir ýol tuneli gurulýar

Häzirki wagtda Alp daglarynyň aşagyndan dünýäniň iň uzyn demir ýol tunelini geçirmek boýunça gurluşyk işleri dowam edýär. Bu täsin desganyň taýyn görnüşdäki umumy uzynlygy 64 kilometre ýeter....

01.05.2026 15:59
4.5k+

Müsürde arheologlar faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy

Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 07:10
4.9k+

​"Şäher ägirt uly myhmanhana bolup bilmez": Afiny syýahatçylyk boýunça berk çäreleri yglan etdi

Afinynyň şäher häkimligi syýahatçylaryň aşa köp gelýändigi sebäpli taryhy Plaka etrabynda syýahatçylygy goldaýan ähli maksatnamalaryny togtatmak kararyna geldi. Geçen ýyl şäher rekord derejede 8 million......