Тurkish Airlines halkara gatnawlara gadaganlygyny 20-nji maýa çenli uzaltdy

  • 14.04.2020 23:44
  • 8.2k+

Türkiýäniň milli howa gatnadyjysy — Тurkish Airlines kompaniýasy halkara gatnawlaryna gadaganlygyny 2020-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli uzaltdy, diýip Trend agentligi Anadolu agentligine salgylanyp habar berýär.
«(Сovid-19) koronawirus pandemiýasynyň ýaýrawy sebäpli we ýokanç keseliň ýaýramagyna garşy resmi düzümleriň çärelerini nazara alyp, Тurkish Airlines kompaniýasy halkara gatnawlarynyň ählisini 20-nji maýa çenli saklady» - diýlip awiakompaniýanyň habarynda bellenilýär.
Awiakompaniýada şeýle hem 3-20-nji aprel aralygynda Тurkish Airlines kompaniýasynyň ýurduň içerki gatnawlaryny hem togtadandygy habar berilýär.
Ýatladyp geçsek, mundan öň, Türkiýäniň hökümeti halkara gatnawlarynyň 2020-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli togtadyljakdygyny habar beripdi.
Has jikme-jik maglumat almak üçin awiakompaniýanyň Aşgabatdaky sorag-jogap gullugyna ýüz tutup bilersiňiz: +99361014433

10.05.2026 22:08
7.9k+

Türk myhmanhanalary syýahatçylyk ýollanmalaryň bahasyny aşak düşürýärler: dynç almak üçin arzanladyşlar 25%-e ýetýär

Şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy halkara ýagdaýlaryň durnuksyzlygy sebäpli, öňünden bron edilýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalandygyny hasaba aldy. Bu barada Türkiýäniň Ekonomim gazeti......

03.05.2026 11:40
4.1k+

Alp daglarynda dünýäniň iň uzyn demir ýol tuneli gurulýar

Häzirki wagtda Alp daglarynyň aşagyndan dünýäniň iň uzyn demir ýol tunelini geçirmek boýunça gurluşyk işleri dowam edýär. Bu täsin desganyň taýyn görnüşdäki umumy uzynlygy 64 kilometre ýeter....

01.05.2026 15:59
4.5k+

Müsürde arheologlar faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy

Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 07:10
4.9k+

​"Şäher ägirt uly myhmanhana bolup bilmez": Afiny syýahatçylyk boýunça berk çäreleri yglan etdi

Afinynyň şäher häkimligi syýahatçylaryň aşa köp gelýändigi sebäpli taryhy Plaka etrabynda syýahatçylygy goldaýan ähli maksatnamalaryny togtatmak kararyna geldi. Geçen ýyl şäher rekord derejede 8 million......