BSGG-da maskalaryň döredýän howpy barada duýdurdylar

  • 13.04.2020 23:18
  • 8.3k+

Koronawirusyň öňüni almak boýunça beýleki çäreleri görmezden, gorag maskalaryny dakynmaklyk COVID-19 bilen kesellemek howpuny ýokarlandyrýar. Bu barada BSGG-nyň Russiýadaky wekili habar berýär diýip rg.ru bize ýetirýär.
“Diňe maskany dakynyp, beýleki zatlary taşlasaňyz, ýagny araçägi saklamasaňyz, eliňizi ýuwmasaňyz – siz kesellärsiňiz” – diýip, ol belleýär. Ol hemişe çalşyryp durar ýaly maska ätiýaçlygynyň bolmalydygyny aýdýar. “Maska öl bolmaly däl. Ony iki sagat ulananyňdan soň zyňmak bolar. Ýogsam, siz infeksiýanyň çeşmesine öwrülersiňiz” – diýip, BSGG-niň wekili duýdurýar.
Ýene bir howp adamlaryň maskany ulanmak bilen özlerini koronawirusdan goragly ýaly duýmagynda jemlenýär, adamlaryň özlerini alyp barşy üýtgeýär, olar seresapsyz bolup başlaýarlar. Şunuň bilen baglylykda wekil sosial araçägi saklamagy maslahat berýär. Onuň pikiriçe, bu maska garanda koronawirusdan gowy gorar. “Eger-de sagdyn adam ýarawsyz bilen bir otagda ýerleşmeýän bolsa, oňa maska gerek däl. Eger-de ol köpçülikde bolsa, onda gerek”.
Maskany köçede dakynmagyň hiç hili geregi ýok, sebäbi koronawirusyň konsentrasiýasy howada örän az, ýöne jemgyýetçilik ýerlerinde – dükanlarda, ulaglarda ony dakynmalydyr.
Häzirki wagtda bu gorag serişdelerini dermanhanalarda tapmak kyn we olar, ilkinji nobatda, lukmanlara gerek.
Hökümetler öňüni alşyň beýleki çäreleriniň berjaý edilmeginiň möhümdigini belleýärler. Eliňi sabyn bilen ýuwmaly, boldugyndan eliňi ýüzüňe degirmeli däl, daşaryk seýrek çykmaly, 1,5-2 metrde araçägi saklamaly. Ýüzüňe diňe arassa eliň bilen ýa-da arassa süpürgiç bilen degmek bolýar.

düýn 18:22
7.6k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.6k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.4k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....