Hytaýyň syýahatçylyk ýadygärlikleri ýene-de işläp başlady

  • 08.04.2020 23:36
  • 4.7k+

Hytaýda koronawirus epidemiýasynyň gowşap başlandygy belli bolanyndan soň, syýahatçylar ýene-de ýurduň gözel ýerlerine baryp başladylar. Gürrüň Anhoý welaýatyndaky Huanşan daglary barada gidýär diýip pravda.ru saýty belleýär. Dynç günleri hökümet aýlanmak üçin bu seýilgähi açdy we myhmanlary özüne çeker ýaly girelgäni hem tölegsiz etdi. Netijede goraghananyň haýking ýodalary syýahatçylardan doldy, şonuň üçin bu ajaýyp ýeri wagtlaýyn ýapmaly boldy.
“Anhoý welaýatyndaky dag seýilgähinde eýýäm 7:48-de syýahatçylar 20 müňden geçdi” – diýip CNN Travel habar berýär.
Şanhaýda syýahatçylar we köçe satyjylary birnäçe wagtlap adamsyz galan meşhur Waýtan kenarýakasyna ýene-de dolanyp bardylar. Käbir restoranlar işini dikeltdiler. Şeýle ýagdaý Pekinde hem ornaşyp başlady.
Syýahatçylaryň köpüsi seýilgählere we Pekiniň beýleki jemgyýetçilik ýerlerine aýlanýarlar. Hytaýda ýuwaş-ýuwaşdan çäklendirmeler hem aýrylýar, ýöne lukmanlar barybir raýatlary seresaplylygyň berjaý edilmegini dowam etdirmäge çagyrýarlar. Olar epidemiýanyň ikinji tolkunynyň bolmagyndan howatyr edýärler.
Öň belli bolşy ýaly, martyň ahyrynda HHR-iň köp ajaýyp ýerleri ýerli syýahatçylar üçin ýene açylyp başlandy. Ýabany haýwanlaryň Şanhaý seýilgähi, Şanhaý teleminarasy, Beýik Hytaý diwary we beýleki obýektler işläp başlady.

10.05.2026 22:08
7.9k+

Türk myhmanhanalary syýahatçylyk ýollanmalaryň bahasyny aşak düşürýärler: dynç almak üçin arzanladyşlar 25%-e ýetýär

Şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy halkara ýagdaýlaryň durnuksyzlygy sebäpli, öňünden bron edilýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalandygyny hasaba aldy. Bu barada Türkiýäniň Ekonomim gazeti......

03.05.2026 11:40
4.1k+

Alp daglarynda dünýäniň iň uzyn demir ýol tuneli gurulýar

Häzirki wagtda Alp daglarynyň aşagyndan dünýäniň iň uzyn demir ýol tunelini geçirmek boýunça gurluşyk işleri dowam edýär. Bu täsin desganyň taýyn görnüşdäki umumy uzynlygy 64 kilometre ýeter....

01.05.2026 15:59
4.5k+

Müsürde arheologlar faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy

Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 07:10
4.9k+

​"Şäher ägirt uly myhmanhana bolup bilmez": Afiny syýahatçylyk boýunça berk çäreleri yglan etdi

Afinynyň şäher häkimligi syýahatçylaryň aşa köp gelýändigi sebäpli taryhy Plaka etrabynda syýahatçylygy goldaýan ähli maksatnamalaryny togtatmak kararyna geldi. Geçen ýyl şäher rekord derejede 8 million......