Türkiýe syýahatçylyk möwsümini maýyň ahyryna meýilleşdirdi

  • 03.04.2020 20:09
  • 8.7k+

Koronawirus bilen bagly ýagdaý sebäpli Türkiýede syýahatçylyk möwsüminiň açylyşy maýyň ahyryna goýuldy.
Ýurduň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýyň hasaplamagyna görä, 2020-nji ýylda syýahatçylyk möwsüminiň açylyşy pandemiýa bilen baglylykda boldugyndan maýyň ahyryna goýular.
“Biz syýahatçylyk hereketi Remezan baýramçylygy (23-nji aprel – 23-nji maý – IF) wagtynda dikeler diýip umyt edýäris”.
Şonuň bilen birlikde ministr gürrüňiň şu döwürde ilkinji nobatda içki syýahatçylygyň “janlanmagy” barada gidýändigini belleýär. Daşary ýurtlular barada aýdylanda, onda olary iýun aýynyň ahyrlarynda görmek göz öňünde tutulýar. Medeniýet ministriniň aýtmagyna görä, Türkiýe şu ýylda “mümkin boldugyndan 58 mln syýahatçyny kabul etmegi” göz öňünde tutýar. Garaşylyşyna görä, hut şu möwsüme çenli Türkiýede halkara aragatnaşyklar dikeldiler, diýip TACC habar berýär.
Täze koronawirus ilkinji gezek Türkiýede 10-njy martda Ýewropadan yzyna dolanan ýerli ýaşaýjyda ýüze çykaryldy. Bu kesel bilen kesellänleriň sany 15 679-a ýetdi, olardan 277-si ýogaldy, 333 sanysy gutuldy.

26.03.2026 14:42
9.6k+

Dünýäniň iň gowy howa menzilleri we awiakompaniýalary saýlandy

Skytrax britan konsalting kompaniýasy we AirlineRatings.com halkara portaly dünýäniň iň gowy howa menzilleriniň we awiakompaniýalarynyň ýyllyk reýtingini hödürledi. Bu barada reýtingi düzenleriň resmi......

26.03.2026 13:56
1.4k+

Britaniýa syýahatçylyk we talyp wizalarynyň bahasyny galdyrar

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinden başlap, Beýik Britaniýa ýurda girmek üçin zerur bolan wizalaryň köpüsi üçin tölegleri ýokarlandyrar. Bu barada Birleşen Korollygyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda......

21.03.2026 07:40
1.6k+

Aşgabatda aprel aýynda «Turkmentravel – 2026» syýahatçylyk sergisi we maslahaty geçiriler

Anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde seredilen esasy meseleleriň biri «Turkmentravel – 2026» halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna görülýän taýýarlyk boldy. Çäreleri şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...

20.03.2026 18:20
7.4k+

Samarkantda ymam al-Buharynyň toplumy açyldy: indi ol 65 müň zyýaratçyny kabul edip bilýär

Özbegistanyň Samarkant welaýatynda düýpli durkuny täzeleme işlerinden soň, ymam al-Buharynyň täzelenen ýadygärlik toplumy açyldy. Indi bu iri ruhy merkez öňki 12 müň adamyň deregine, her gün 65 müňe çenli zyýaratçyny kabul edip bilýär...