Türkmen raýatlaryny koronawirus pandemiýasy zerarly daşary ýurtlardan alyp gaýtmaklyk dowam edýär

  • 26.03.2020 06:58
  • 18k+

Türkmenistan daşary ýurtlardaky raýatlaryny Watanymyza getirmek boýunça işleri dowam edýär. Türkmen döwlet habarlary agentliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ilkinji nobatda, bu işler koronawirus pandemiýasy gözegçilik edilýän ýurtlardan amala aşyrylýar. Ýurdumyza getirilýän raýatlarymyzyň içinde dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar hem bar.
«Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan Hytaýa birnäçe göni gatnawlaryň gurnalmagy netijesinde müňlerçe türkmenistanlylar ýurdumyza dolanyp geldiler. Türkmenistan koronawirus ýokanjynyň HHR-de ýaýrap başlan wagtynda bu hili çäreleri gören ilkinji döwletleriň biridir.
Şunda milli awiakompaniýamyzyň howa gatnawlarynyň her birinde wirusolog lukmany we beýleki hünärmenler boldy. Olar howa gämisiniň özünde raýatlarymyzyň saglyk ýagdaýyna gözegçilik edip geldiler.
2019-njy ýylyň ahyryndan öň, Hytaýda türkmen ýaşlarynyň uly topary bardy. Emma Hytaýda howply ýokanç keseliň ýaýramagy baradaky habarlaryň netijesinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen raýatlaryny HHR-den ýurdumyza dolap getirmek baradaky görkezmeleri berdi.
Şondan soňra Türkiýeden, Belarusdan, Russiýadan we beýleki döwletlerden türkmen raýatlaryny alyp gaýtmak boýunça ýörite gatnawlar gurnaldy. Bu günki gün Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary, Döwlet migrasiýa gullugy bilen utgaşyklylykda awiagatnawlaryň dürli ugurlary işlenip düzülýär.
Mundan başga-da, Türkmenistanda bu howply ýokanç keseliň ýurduň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreler görüldi, serhet we gümrük nokatlarynyň ählisinde sanitar-epidemiologik gözegçiligi we lukmançylyk gözegçiligi güýçlendirildi, infragyzyl we elektron termometrler bilen toplumlaýyn öňüni alyş, düşündiriş işleri geçirilýär
Türkmenistana dolanyp gelen talyplar babatda aýdylanda, olarda internet-platformalara geçen ýokary okuw mekdeplerinde uzak aralykdan okuw işini dowam etmäge mümkinçilikleri bar.

şu gün 13:41
1.3k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
2.2k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

şu gün 10:31
2.9k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

şu gün 10:02
937

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......