Çommalyp oturmak saglyk üçin peýdaly hasaplanylýar

  • 19.03.2020 23:29
  • 7.5k+

Amerikan hünärmenleri oturgyçda ýa-da diwanda oturanyňdan çommalyp oturmak saglyk üçin peýdalydyr diýen netijä geldiler. Awtorlar adamlaryň dynç alanda eýe bolýan ýagdaýy ýürek-damar keselleriniň we saglyk bilen bagly beýleki meseleleriň ýüze çykmak howpuna täsir edýär diýip hasaplaýarlar. Barlagyň netijeleri “Proceedings of the National academy of Sciences” žurnalynda neşir edildi.
Döwrebap adama mahsus bolan hereketsiz durmuş obrazy pes myşsa işjeňliginiň we haýal myşsa metabolizminiň esasynda ýüze çykýan köp sanly keselleriň güýçlenmek howpy bilen bagly bolýar.
MediaPotok portalynyň habar bermegine görä, barlagyň barşynda alymlar durmuş obrazy gadymy adamlaryňka meňzeş bolan tanzan taýpasy hadzalary öwrendiler. Hünärmenler olara işjeňlik we dynç wagtyny ölçeýän gurluşlary berdiler.
“Biz adamyň fiziologiýasynyň biziň ösüp ýetişen şertlerimize uýgunlaşýar diýip hasap etmäge ýykgyn edýäris. Eger-de hereketsizlik zyýan bolsa, biziň ewolýusion taryhymyz bize bu iş üçin şeýle köp wagt bermezdi” – diýip, biologik ylymlaryň professory belleýär.
Barlagyň netijesinde ekspertler adamlaryň günüň dowamynda bir sagat hereketde bolandygyny kesgitlediler. Derňewçileriň aýtmagyna görä, galan wagtlary taýpanyň agzalary günüň dowamynda 9-10 sagat hereketsiz ýagdaýda bolmak bilen dynç alýardylar. Ýöne adamlarda uzak wagtlap oturýandyklaryna garamazdan hiç hili kesel ýokdy.
Alymlaryň aýtmagyna görä, onuň sebäbi hadza taýpasynyň wekilleriniň çommalyp ýa-da dyzlarynda oturýandyklaryndan ybarat. Şeýle ýagdaýda oturmak myşsalaryň işjeňliginiň ýokary bolmagyna getirýär.
Alymlar myşsalaryň ýeňil işjeňligi üçin adatça, ýaglaryň ýakylmagyny aňladýan ýangyç gerek bolup durýar, şonuň üçin çommalyp ýa-da dyzyňda oturmak oturgyçda oturanyň ýaly zyýanly däl diýip çaklaýarlar. Ýöne barlagyň awtorlary iri şäherleriň ýaşaýjylaryny çommalyp ýa-da dyzyňda oturyp dynç almaga ýa-da işlemäge çagyrmaýarlar, ýöne wagtal-wagtal oturyp-turma ýa-da başga bir has işjeň obraz hereketsiz durmuş obrazy bilen bagly ýüze çykýan keselleriň howpuny peseldýän peýdaly tejribe bolup biler.
Şeýle-de MediaPotok lukmanlaryň “aýagy aýaga” ýagdaýda oturmagyň adamlara nähili howp salýandygy barada gürrüň berendiklerini aýdýar. Aýagyň birine uzak wagtlaýyn agram salmak gan aýlanyşyň bozulmagyna getirýär, bu bolsa öz gezeginde warikozyň sebäbine öwrülýär.

12.05.2026 15:08
4.3k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4.4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.4k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.8k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....