Ekspert ganyň düzüminden artykmaç holesterini aýyrmaga ukyply miweleri aýtdylar

  • 17.03.2020 22:05
  • 4.7k+

Holesterin biziň organizmimiz tarapyndan iýmitiň gaýtadan işleniliş tizligini çaltlandyrýar we beýleki köp sanly proseslere jogap berýär.
Islendik beýleki madda ýaly holesteriniň hem iki häsiýeti bar, ýagny hem gowy, hem erbet: ol birwagtda bedeni artykmaç toksinlerden arassalap bilýär we damarlardaky ýag molekulalarynyň sazlaşygyny gurnaýar, bu olaryň diametriniň kiçelmegine we negatiw netijä – insulta getirýär. Bu barada yandex ýazýar.
Ýöne dermanlardan başga-da käbir miweler hem şeýle täsire eýe bolýar. Üstesine-de, gowy oýlanylan bejergi berhizi gymmat derman arkaly bejerginiň ýerini tutup bilýär. 
Mysal üçin, “erbet” holesterini azaltmaga ukyply hem-de kletçatkalara we nutrientlere baý bolan üç sany miwe bar.
Birinji ýerde erik durýar. Bu miwede pektiniň düzümi diýseň ýokary (esasanam ol bişmedik, gaty miwede köp). Pektin organizmi PP witamininiň gerekli möçberi bilen üpjün edýän we toksinleri organizmden çykarýan, agramyň artmagyny gözegçilikde saklaýan özboluşly maddadyr.
Ýogsa-da kişde, ýagny gury erik özüniň peýdaly häsiýetleri boýunça ter miwelerden hem ýokarda durýar, çünki guradylma prosesi wagtynda 100 gram miwe üçin peýdaly maddalaryň konsentrasiýasy ep-esli ýokarlanýar.
Islendik sitruslar arterial basyşy sazlamakda dermandan pesde durmaýan gesperidini saklaýar. Miwäniň kletçatkalarynda saklanýan pektin we limonoid birleşmeleri damarlaryň maýyşgaklygyna ýardam berýär we ganyň düzüminden artykmaç “erbet” holesterini aýyrýar. Gündeki rasiona islendik sitrusy goşmak bolýar. Bu hökmanydyr. Bu miweleriň suwy derman serişdeleri bilen reaksiýa girip bilýär, bu olaryň netijeliligine täsir edýär.
Peýdaly pektinleriň ýene bir çeşmesi bolan alma hem arterial basyşy peseltmäge, şol bir wagtda aterosklerozyň güýçlenmek howpuny peseltmäge kömek edýär. Ýöne almanyň gabygyny aýyrmaň, sebäbi hut şolarda pektiniň konsentrasiýasy ýokary bolýar. 

12.06.2026 18:22
9.1k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.2k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....