Lukman eliň köp ýuwulmagyny howply diýip atlandyrdy

  • 11.03.2020 22:07
  • 10k+

Günüň dowamynda eliňi diňe nahardan öň däl-de, galan wagtlary hem ýuwmagyň gowudygy hemmelere çagalyk wagtyndan bäri bellidir.
Eliňi sabyn bilen ýuwmaklygy diňe bir ene-atalarymyz däl, eýsem lukmanlar hem aýdýarlar. Bu dürli infeksiýalaryň ýaýraýan döwründe has hem möhümdir. Elbetde, eliňi ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmak keselden 100% gorap bilmez, ýöne ondan gaçmak mümkinçiligini belli bir derejede artdyrar.
“Eliň arassa bolmagy hökmanydyr. Aýratynam gürrüň dümewiň ýaýraýan döwri barada gidýän bolsa, ýöne muňa aşa köp üns bermek gerek däl. Eliňi günüň dowamynda islendik ýuwujy serişdeler bilen alty-sekiz gezekden köp ýuwmak deriniň guramagyna getirýär. Netijede, ondan organizmi infeksiýalardan goraýan peýdaly bakteriýalaryň gatlagy aýrylýar. Eliňi ýygy-ýygydan ýönekeý ýuwmak derini zaýalaýar” – diýip, lukman düşündirýär.
Lukman antiseptikleriň el üçin derman bolmaýandygyny hem duýdurdy. “Amerikan pediatr akademiýasynyň subut etmegine görä, eliňi antiseptikli süpürmek bilen eliň hapadan arassalanmaýar. Oňa garanda eliňi akyp duran ýönekeý suwuň aşagynda ýuwmak has täsirli. Antiseptikler we çygly el süpürgiçler eliňden hapany aýyrmaýar, diňe olaryň eliňde çyrşalmagyna getirýär” – diýip, lukman belleýär.

12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....