Lukmanlar suwy ajöze içmegiň peýdasyny düşündirdiler

  • 10.03.2020 22:11
  • 10k+

Nemes lukmanlary ýönekeý suwuň her gün irden kabul edilmeginiň organizm üçin peýdasy barada aýtdylar. Bu barada vlg-media.ru saýty habar berýär.
Oýananyňdan soň, stakan suw içmeklik madda çalşygyny çaltlandyrmaga kömek edýär. Ekspertleriň maglumatlary boýunça, metabolizm 24%-e çenli ýokarlanar. Munuň netijesinde iýmit siňdiriş çalt bolup geçýär we adam horlanyp bilýär. Şeýle-de ir bilen suw içmeklik organizmden agşam ýygnanan toksinleri çykarmaga kömek edýär.
Bu endik deriniň ýagdaýyna hem oňaýly täsir eder. Eger-de ýarym litre golaý suwy ajöze içseň, organizmde gan aýlanyşyk gowulanar, deri bolsa has ýylmanak görüner. Suwuklygyň ýetmezçiligi ýygyrtlaryň ir peýda bolmagyna ýardam edýär we saçyň gurulygyny we onuň üýtgäp durmagyny güýçlendirýär.
Mundan başga-da, ajöze suw içmek limfatik sistemasynyň balansyny saklamaga kömek edýär. Munuň kömegi bilen organizm zyýanly mikroorganizmleriň täsirinden goragly bolýar.
Suwuň ajöze yzygiderli kabul edilmegi böwrek daşynyň, sary gaýnamanyň döremeginden gaçmaga kömek eder. “Eger siz suwy ajöze içseňiz, siz kislotany gowşadarsyňyz we sary gaýnamanyň öňüni alarsyňyz. Aşgazan işläp başlaýar we ertirlige taýýarlanýar” – diýip, lukmanlar belleýärler. Suwuň ajöze içilmeginiň ýene bir oňaýly tarapy owadan we sagdyn saçlardyr. Suwuň saçyň agramynyň dörtden bir bölegini tutýandygy we ony içinden çyglandyrýandygy üçin, suwuň ýetmezçiligi olaryň üýtgeýjiligine täsir edýär. Lukmanlar günüň dowamynda suwy ýeterlik möçberde içmelidigini nygtaýarlar, ýöne suwy ajöze içmek organizme maksimal netijäni berýär.

düýn 18:22
7.6k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.6k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.4k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....