Gonkongyň alymlary ýagyş suwundan energiýa almagy başardylar

  • 20.02.2020 21:42
  • 4.1k+

Gonkong uniwersitetiniň hytaý inženerleri amerikan kärdeşleri bilen hyzmatdaşlykda eden täze açyşlary barada habar berdiler. Olar adaty ýagyş suwundan ýönekeý usul bilen nädip elektrik energiýasyny alyp bolýandygyny gürrüň berdiler. Bu energiýany suwdan öndürmek gurşawynda ylmy barlaglar üçin ädilen uly ädim hem-de energetika çökgünligi meselesiniň mümkin bolan çözgüdi bolup durýar. Bu barada news-24.ru habar berdi.
Munuň üçin ekspertler ýagyş suwunyň bir damjasynda pes kuwwatlyga eýe bolan 100-den az bolmadyk yşyk diod lampalarynyň näçesini ýakyp bilse, şonça-da energiýa almaga ukyply bolan özboluşly generatoryň taslamasyny işläp düzdüler.
Ýagyş damjalary generatoryň plastin üstüne gaçmak bilen alýumin elektrody bilen galaýy hem-de indiýniň oksidinden alnan elektrodyň arasynda suw köprüsini döredýärler. Netijede energiýa çykyp biler ýaly birleşen kontur emele gelýär. Işläp düzüjileriň ideýasy generatoryň üstüni ýagyş damjalarynyň üznüksiz düşmeginiň esasynda üstki zarýady ýygnamaga ukyply bolan politetraftoretilenden (PTFE) edilen plýonka bilen örtmekden ybaratdy. Şeýle gurluşda damjalar rezistorlar ýaly hereket edýärler, üstki örtük bolsa kondensator hökmünde.
Ýöne alymlar edil häzirki pursatda generatory ýaşaýyş derejesinde ýa-da senagatda ulanmaly däldigini belleýärler. Alymlaryň esasy wezipesi geljekde generatory kämilleşdirmek bilen onuň funksiýasyny ýüze çykarmakdan ybarat. Şonda bu gurluş durmuş sarp edijilerine elektrik energiýany paýlamaga başlap biler.
Tejribede ulanyş üçin prototip alymlaryň söz bermesi boýunça ýakyn bäş ýylyň içinde taýýar bolar. Geljekde energiýany islendik bir üste, jaýyň üçegine, gaýygyň korpusyna ýa-da saýawanyň “gümmezine” düşen ýagyş damjalaryndan alyp, onuň esasynda hem telefonlary zarýadlandyrmak bolar. Ýylyň belli bir wagtynda güýçli ýagyş ýagýan sebitlerde bolsa tebigy çeşme arkaly energiýany almak usuly has hem netijeli bolar.
Awtorlar tarapyndan hödürlenen tehnologiýa energiýany diňe bir ýagyş suwundan däl-de, islendik suwdan almaga niýetlenilýär. Ony suw çeleklerinde ýa-da turbalarda hem ulanmak bolýar.

düýn 18:22
8.5k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....