Nike awtomatik bagjykly “akylly” krossowkalaryny çykardy

  • 17.02.2020 21:59
  • 6.1k+

Nike kompaniýasy özüniň “akylly” Adapt BB 2.0 krossowkalaryny hödürledi. Onuň resmi görkezilişi Çikagoda amerikan Milli basketbol assosiasiýasynyň ähli “ýyldyzlarynyň” duşuşygynda geçirildi.
5-tv.ru-nyň “FAN” internet neşirine salgylanmak bilen habar bermegine görä, “akylly” sport aýakgaplarynyň esasy aýratynlygy ony mobil telefony arkaly dolandyryp bolýanlygyndan ybaratdyr. Kompaniýanyň işgärleri sport aýakgabynyň täze modeliniň geçen ýyl çykarylan Adapt BB-niň kämilleşdirilen wersiýasyna eýedigini belleýärler. Nike-yň “akylly” krossowkalary bagjygy özbaşdak daňyp bilýärler, bagjyklary sazlamak hem bolýar. Ýörite programmada Bluteooth-yň kömegi bilen ulanyjy bagjyklaryň ýagdaýyny, aýakgabyň içindäki temperaturany we hatda çyglylygy gözegçilikde saklap bilýär. Şeýle-de, krossowkalaryň ýagtylanmagyny we aýagyň formasyna görä oturyşyny hem sazlamak bolýar. Kontrollyk ediji gurluş aýakgap dabanynda bildirmeýän gapagyň aşagynda ýerleşýär.
Nike kompaniýasynda bellenilişi ýaly, “akylly” krossowkalar, ilkinji nobatda, basketbolçylara niýetlenilen. Hut şonuň üçin ABŞ-da 16-njy fewralda, ýagny ähli “ýyldyzlaryň” NBA 2020 duşuşygy gününde bu krossowkalaryň satuwyna başlandy. Model Adapt BB 2.0 öňküsine garanda gymmadrak.

şu gün 17:05
225

Melaniýa Tramp Ak tamdaky sammite robot bilen tirkeşip bardy

ABŞ-nyň birinji hanymy Melaniýa Tramp Ak tamda geçirilen «Geljegi bilelikde ilerledýäris» atly global koalisiýanyň sammitine Figure Three atly gumanoid robot bilen tirkeşip bardy. Bu barada The Independent......

düýn 11:41
3.7k+

Iň inçe iPhone-nyň satuwy iPhone 16 Plus-yňkydan iki esse köp boldy

iPhone Air özünden öňki Plus modeliniň ýerini eýeläp, satuwda has ýokary netijeleri görkezdi. Muňa ​Ookla portalynyň hasabaty şaýatlyk edýär....

düýn 08:24
1.5k+

Meta Mark Sukerbergiň emeli aň ekiztaýyny döredýär

Meta kompaniýasynyň baş direktory Mark Sukerberg kompaniýany dolandyrmaga kömek etjek we wezipeleriň ýerine ýetirilişini çaltlandyrjak şahsy emeli aň agentini işläp düzýär....

26.03.2026 18:00
5.8k+

iPhone üçin dünýäde ilkinji selfi ekranly daşlyk çykaryldy

Dockcase kompaniýasy iPhone telefonlary üçin niýetlenen, özüne berkidilen ekranly we 2 TB çenli ýat karty bilen üpjün edilen Selfix daşlygyny (çeholy) tanyşdyrdy. Bu enjam iPhone 17 Pro we Pro Max modellerine......