Horlanmaga kömek edýän bäş sany irdenki endik

  • 17.02.2020 21:52
  • 53k+

Eger horlanmak isleýän bolsaňyz, muny ir bilen başlamaly, sebäbi hut irdenki endikler tutuş güne ritm berýär, biziň madda çalşygymyzy “işe girizýär” we şähdaçyklyk döredýär. Öz figuraňyz barada alada edýän bolsaňyz, şu peýdaly irdenki endiklerden başlaň.
Ertirligi nähili edinmeli. Iýmitlenmegiň iň peýdaly režimi biziň ir bilen kabul edýän kaloriýamyzyň esasy normasynyň saklanýan režimidir. Şeýle netija Tel-Awiw uniwersitetiniň barlagçylary geldiler. Madda çalşygynyň tizligi günüň dowamynda üýtgeýär: agşama ýakynlaşdygyňça ol haýallanýar, ir bilen bolsa biz islendik zadymyzy iýip bilýäris.
Eger-de biz ertirlikden ýüz öwürsek, organizm derrew tygşytlylyk režimine geçýär we günüň dowamynda her bir kabul edilen kaloriýany energiýa döretmäge sarp etmän ätiýaçlyk hökmünde ýygnaýar.
Irdenki Günüň astynda gezelenç etmek. Ertirki Gün şöhlesi sözüň göni manysynda ýagy ýakýar, muny Albert Uniwersitetiniň (Kanada) barlagçylary subut etdiler. Göze görünýän spektriň täsiri astynda lipid bölekleri göwrümi boýunça kiçelýär we öýjügi terk edýär, netijede biz horlanýarys.
Oýananyňdan soň göni suw içmek. Gijesine biz ýarym litr töweregi suwy sarp edýäris, irdenki içilen stakan suw bolsa organizmde suwuklyk balansyny dikeltmäge kömek edýär. Suw sagdyn madda çalşygy üçin hem möhüm, ol aşa iýmek howpuny hem peseltmäge kömek edýär.
Maşk etmek. Birinjiden, irdenki maşklar diňe bir bedenimize däl, eýsem, beýnimize hem çalt oýanmaga kömek eder. Ikinjiden, madda çalşygyny “işe girizer”. Üçünjiden, günüň dowamynda az iýmäge kömek eder: Nortumbriýsk uniwersitetiniň hünärmenleriniň geçiren barlaglary yzygiderli maşk edýän adamlaryň işdäsiniň pesdigini tassyklady.
Jemgyýetçilik torlaryndan ýüz öwürmek. Ertirlik başynda täzelikler lentasyny barlamagy endik edindiňizmi? Bu endikden ýüz öwrüň. Bu endik stres derejesini ýokarlandyrýar, netijede biz semreýäris. Birinjiden, stres gormony kortizol madda çalşygyny haýallandyrýar, ikinjiden, stresiň täsiri astynda biz zyýanly önümleri saýlamaga ýykgyn edýäris.

düýn 18:22
8.3k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.8k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....