Xiaomi içki stabilizatorly selfi-taýajygyny hödürledi

  • 04.02.2020 23:01
  • 2.4k+

Xiaomi kompaniýasyna degişli bolan we ozal mehaniki klawiatura çykarmak bilen meşgullanan Yuemi brendi özüni täze ugurda barlap görmek kararyna geldi we selfi etmäge niýetlenilen monopodyny anons etdi. Aksessuaryň aýratynlygy onda içki prosessoryň, sazlaýjy ulgamyň we beýleki birnäçe funksiýalaryň barlygyndan ybarat.
Yuemi selfi-taýagynyň içinde 32-bit ARM prosessory ýerleşýär. Bu gurluş 6-okly giroskopa, elektron sazlaýjy algoritme we aýratyn magnit datçigine eýe boldy. Öndüriji bularyň ählisiniň surata düşme wagtynda smartfonuň kamerasynyň titremegini ýokary derejede peseldýändigini mälim edýär.
Ýygnanylan görnüşde monopod 229 gram bilen jemi 19 santimetr uzynlyga eýe bolýar. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda onuň tutulýan ýeri 42 santimetre çenli uzaldylyp bilinýär. Smartfon ýörite kese gysdyrgyçda berkidilýär. 180 gradus awtomatik kese blokirowka ekrany 360 gradusa wertikal geçiriji bir okly sazlaýjy jogap berýär. Gurluşy dolandyrar ýaly toplumda smartfona Bluetooth arkaly birikdirilýän pulty hem bar.
Monopod 450 mA/sag kuwwatlykly akkumulýator bilen üpjün edilen. Muňa garamazdan, zarýadsyz ýagdaýda-da ol surata düşmäge mümkinçilik berýär. Gurluşyň bahasy we çykaryljak senesi heniz habar edilenok.

şu gün 17:05
225

Melaniýa Tramp Ak tamdaky sammite robot bilen tirkeşip bardy

ABŞ-nyň birinji hanymy Melaniýa Tramp Ak tamda geçirilen «Geljegi bilelikde ilerledýäris» atly global koalisiýanyň sammitine Figure Three atly gumanoid robot bilen tirkeşip bardy. Bu barada The Independent......

düýn 11:41
3.7k+

Iň inçe iPhone-nyň satuwy iPhone 16 Plus-yňkydan iki esse köp boldy

iPhone Air özünden öňki Plus modeliniň ýerini eýeläp, satuwda has ýokary netijeleri görkezdi. Muňa ​Ookla portalynyň hasabaty şaýatlyk edýär....

düýn 08:24
1.5k+

Meta Mark Sukerbergiň emeli aň ekiztaýyny döredýär

Meta kompaniýasynyň baş direktory Mark Sukerberg kompaniýany dolandyrmaga kömek etjek we wezipeleriň ýerine ýetirilişini çaltlandyrjak şahsy emeli aň agentini işläp düzýär....

26.03.2026 18:00
5.8k+

iPhone üçin dünýäde ilkinji selfi ekranly daşlyk çykaryldy

Dockcase kompaniýasy iPhone telefonlary üçin niýetlenen, özüne berkidilen ekranly we 2 TB çenli ýat karty bilen üpjün edilen Selfix daşlygyny (çeholy) tanyşdyrdy. Bu enjam iPhone 17 Pro we Pro Max modellerine......