Gorkunç filmler gorky bilen howsalanyň arasyndaky tapawudy kesgitlemäge kömek etdi

  • 28.01.2020 21:46
  • 4.1k+

Fin alymlary gorky bilen howsalanyň hersiniň aýry neýron tebigatyna eýedigini anyklamagy başardylar. Munuň üçin olar synagdan geçirilýän topara gorkunç kinolary görkezdiler, diýip «N+1» neşiri ýazýar.
Bu iki duýgy örän gadymy we olar köp ýagdaýda janly organizmlerde ewolýusiýanyň bolup geçmegine ýardam etdiler. Gorky ilkibaşda howpuň gelenligi bilen bagly reaksiýa hökmünde ýüze çykdy, howsala — bu howpuň hakykatda ýüze çykmazyndan ony duýmaklyk.
Bu iki reaksiýanyň neýron tebigatyny kesgitlemek üçin Finlýandiýanyň Turku uniwersitetiniň alymlar topary adamlary gorkuzmak kararyna geldiler.
Alymlar IMDB, Rotten Tomatoes we AllMovie portallarynyň statistiki maglumatlary esasynda, şeýle-de, iki ýüz adamdan edilen soragyň netijesinde iki sany iň gorkunç filmi saýladylar. Olar «Astral» we «Zaklýatiýe 2» filmleri boldy. Şondan soň 37 sany meýletinçini aldylar, olary iki topara böldüler. Her topara bir filmi görkezdiler.
Kinoseans wagtynda tejribeden geçirilýänleriň beýnisiniň reaksiýasyny funksional magnit-rezonans tomografiýasynyň kömegi bilen ölçediler. Ölçemäniň netijeleri skrimerler wagtynda (filmdäki gorkunç we duýdansyz pursatlar) adamlarda beýniniň emosiýa bilen bagly böleginiň işleýändigini görkezdi. Filmiň beýleki ýerleri görlen wagtynda bolsa sensor kabul ediş, ýagny eşidiş we görüş bilen bagly bölekler işläp başladylar.
Alymlar gorky (skrimerler wagtynda) dünýäni we özüňi emosional kabul ediş bilen bagly, howsalalyk duýgusy bolsa (filmiň galan bölegi) duýgy organlaryna täsir edýär diýen netijä geldiler.

12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....