Xiaomi Pocophone X2 flagmanynyň anonsynyň resmi senesi belli edildi

  • 25.01.2020 23:07
  • 2.5k+

Ýaňy-ýakynda Poco kompaniýasy Xiaomi-den bölünip aýrylypdy. Muňa garamazdan, kompaniýa eýýämden işjeňlik görkezip başlady.
Internetde Poco kompaniýasynyň Poco F2, Poco F2 Lite we Poco X2 ady bilen birwagtda üç sany smartfony taýýarlaýandygy barada maglumat peýda boldy. Görnüşi ýaly, köpçülige hödürleniljek ilkinji smartfon Poco X2 bolar. Kompaniýanyň resmi Twitter-akkauntynda-da hut şu smartfonuň üstümizdäki ýylyň fewralynda anons ediljekdigini görkezýän poster goýuldy.
Soňky alnan maglumatlara esaslansak, onda Poco X2 ahyrynda 4G ulgama eýe bolan meşhur Redmi K30 smartfonunyň ady üýtgedilen wersiýasy bolar. Ýatladyp geçsek, bu smartfon Hytaýda 2019-njy ýylyň ahyrynda anons edilipdi, onuň tapawutly tarapy bolsa displeýde tertipli ýerleşdirilen iki bölekli frontal kamerasy boldy. Poco X2 barada aýdylanda, smartfon Snapdragon 730G prosessorynyň esasynda gurlan, ol 8 GB operatiw ýada we 256 GB hemişelik ýada eýe. Bu gurluş Android 10-yň dolandyrmasy bilen işlär.

şu gün 16:26
202

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......

şu gün 13:59
1k+

Microsoft dürli ýurtlarda EA-nyň ornaşdyrylyş derejesine baha berdi: ABŞ bilen Hytaý, ilkinji 20-lige hem girmedi

2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Birleşen Arap Emirlikleri we Singapur emeli aňyň ornaşdyrylyşynda öňdebaryjy boldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Hytaý emeli aňyň ornaşdyrylmagy boýunça ilkinji 20 ýurduň......

şu gün 12:26
2.7k+

Apple duýdansyz ýagdaýda Hytaýda iPhone 17 Pro-nyň bahalaryny döwdi: arzanladyşlar baryp 300 dollara ýetýär

Apple kompaniýasy Hytaýda iPhone 17 seriýasynyň bahalaryny aşakladyp başlady. 15-nji maýdan başlap, iPhone 17 Pro-nyň bahasy 1000 ýuan (147 dollar) arzanlady, trade-in maksatnamalaryny we goşmaça subsidiýalary......

şu gün 11:20
609

Google wideo döretmek üçin täze Gemini Omni neýroulgamyny görkezdi

Google kompaniýasy tekstleriň, suratlaryň, audiolaryň we beýleki wideo ýazgylaryň esasynda wideo döretmäge hem-de olary redaktirlemäge niýetlenen Gemini Omni atly generatiw emeli aň modelleriniň täze toplumyny......