Dünýäde iň kiçi smartfonlaryň ýene biri hödürlenildi

  • 24.01.2020 21:23
  • 5.5k+

Rakuten Mobile ýapon kompaniýasy Rakuten Mini ady bilen häzirki döwrüň iň ykjam modelleriniň biri bolan smartfonuny anons etdi.
Bu täze önüm 106 x 53 x 8,6 mm göwrümdäki diagonaly 3,6 dýuýmly (1280 x 720 nokat) ekran bilen üpjün edildi.
Bu önümiň aýratynlygy – fiziki SIM-karta üçin bölegiň bolmazlygy. Apparat diňe eSIM arkaly işläp bilýär, bu bolsa ony 2019-njy ýylyň eplenilýän Motorola Razr-y bilen ýakynlaşdyrýar.
Modeliň esasynda 3 Gbaýt operatiw we 32 Gbaýt içki ýat düzümde işleýän sekiz ýadroly Qualcomm Snapdragon 439 çipsedi durýar. Şeýle-de, onda 1250 mA/sag akkumulýatoryň we 5 hem-de 16 pikselli kameranyň bardygy hem bellenilip geçilýär. Rakuten Mini Android-iň dolandyrmasy boýunça işleýär.

şu gün 16:26
70

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......

şu gün 13:59
878

Microsoft dürli ýurtlarda EA-nyň ornaşdyrylyş derejesine baha berdi: ABŞ bilen Hytaý, ilkinji 20-lige hem girmedi

2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Birleşen Arap Emirlikleri we Singapur emeli aňyň ornaşdyrylyşynda öňdebaryjy boldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Hytaý emeli aňyň ornaşdyrylmagy boýunça ilkinji 20 ýurduň......

şu gün 12:26
2.4k+

Apple duýdansyz ýagdaýda Hytaýda iPhone 17 Pro-nyň bahalaryny döwdi: arzanladyşlar baryp 300 dollara ýetýär

Apple kompaniýasy Hytaýda iPhone 17 seriýasynyň bahalaryny aşakladyp başlady. 15-nji maýdan başlap, iPhone 17 Pro-nyň bahasy 1000 ýuan (147 dollar) arzanlady, trade-in maksatnamalaryny we goşmaça subsidiýalary......

şu gün 11:20
609

Google wideo döretmek üçin täze Gemini Omni neýroulgamyny görkezdi

Google kompaniýasy tekstleriň, suratlaryň, audiolaryň we beýleki wideo ýazgylaryň esasynda wideo döretmäge hem-de olary redaktirlemäge niýetlenen Gemini Omni atly generatiw emeli aň modelleriniň täze toplumyny......