Mi 10 Galaxy S20-den bir gün öň görkeziler

  • 23.01.2020 01:50
  • 4.4k+

Xiaomi özüniň Mi 10 we Mi 10 Pro flagman smartfonlaryny Samsung kompaniýasynyň Galaxy S20 lineýkasyndaky flagmanlaryndan bir gün öň görkezer. Samsungyň premýerasynyň fewralyň ikinji ýarymyndan 11-nji senä geçirilmegi Xiaominiň meýilnamasyny «bulaşdyran» bolmagy ahmal, muňa garamazdan, hytaýlylar, çeşmä laýyklykda, Mi 10 smartfonunyň premýerasyny Galaxy S20-iň premýerasyndan bir gün öňe goýdular.
Xiaomi Mi 10 we Mi 10 Pro smartfonlaryny 10-njy fewralda Pekinde geçiriljek hususy çäresinde ilkinji gezek görkezer. Galaxy S20-iň premýerasynyň ABŞ-da 11-nji fewralda geçiriljekdigini göz öňünde tutsak, onda iki bäsdeşiň resmi anonslarynyň arasyny iki gün böler. Bu bolsa Xiaomi kompaniýasyna diňe bäsdeşiniň täze önüminden ünsi biraz sowmaga däl-de, eýsem, öz flagmanynyň satuwyna çalt başlamaga mümkinçilik berer.
Gyzykly ýeri hem, Xiaomi we Samsung flagmanlary tehniki taýdan bu gezek örän meňzeş. Olarda 108 megapikselli kameralar, SoC Snapdragon 865 (Galaxy S20-de SoC Exynos 990 warianty hem), köp ýat, 5G modemi we ekranynyň egri gapdal taraplary bolar. Şunuň bilen birlikde Mi 10 Samsung modellerinden ep-esli arzan bolar.

şu gün 16:26
202

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......

şu gün 13:59
1k+

Microsoft dürli ýurtlarda EA-nyň ornaşdyrylyş derejesine baha berdi: ABŞ bilen Hytaý, ilkinji 20-lige hem girmedi

2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Birleşen Arap Emirlikleri we Singapur emeli aňyň ornaşdyrylyşynda öňdebaryjy boldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Hytaý emeli aňyň ornaşdyrylmagy boýunça ilkinji 20 ýurduň......

şu gün 12:26
2.7k+

Apple duýdansyz ýagdaýda Hytaýda iPhone 17 Pro-nyň bahalaryny döwdi: arzanladyşlar baryp 300 dollara ýetýär

Apple kompaniýasy Hytaýda iPhone 17 seriýasynyň bahalaryny aşakladyp başlady. 15-nji maýdan başlap, iPhone 17 Pro-nyň bahasy 1000 ýuan (147 dollar) arzanlady, trade-in maksatnamalaryny we goşmaça subsidiýalary......

şu gün 11:20
609

Google wideo döretmek üçin täze Gemini Omni neýroulgamyny görkezdi

Google kompaniýasy tekstleriň, suratlaryň, audiolaryň we beýleki wideo ýazgylaryň esasynda wideo döretmäge hem-de olary redaktirlemäge niýetlenen Gemini Omni atly generatiw emeli aň modelleriniň täze toplumyny......