Sony dünýäde 4K ekranly we 5G ulgamly ilkinji smartfony taýýarlaýar

  • 22.01.2020 22:56
  • 2.5k+

Internet-çeşmeler geljekki flagman smartfony bolan Sony Xperia-nyň söwda bazarynda heniz hiç bir enjamyň eýe bolmadyk özboluşly tehniki häsiýetleriň toplumy bilen üpjün ediljekdigi barada habar berýärler.
Taýýarlanylýan bu täze önüm 24-nji fewralda Barselona şäherinde geçiriljek mobil senagatynyň Mobile World Congress 2020 sergisinde görkeziler.
Habar berlişine görä, bu smartfon pudakda ilkinji bolup 4K formatdaky displeýe we bäşinji nesliň mobil toruna (5G) eýe bolar. Üstesine-de, 4K-panel ilkinji gezek Snapdragon 865 prosessory bilen «goňşuçylykda bolar».
Eger-de bar bolan maglumatlara esaslansak, displeýiň göwrümi diagonallygyna 6,6 dýuým, taraplary 21:9 gatnaşykda bolar. Işläp düzüji HDR ygtyýarly OLED ekranyny ulanar.
5G torundaky işi awtonom däl (NSA) we awtonom (SA) arhitektura bilen ylalaşykda Snapdragon X55 modemi üpjün eder.
Smartfonuň arka tarapynda dört bölekden ybarat kamera ýerleşer. Onuň çaklanylýan konfigurasiýasy şeýle: esasy sensor 48 mln ýa-da 64 mln pikselli, 12 megapikselli blok giň burçly optikaly, 12 megapikselli telefoto-modul we ToF sensory.
Heniz apparatyň ady barada anyk çözgüt ýok: dürli wersiýalar aýdylýar – Xperia1.1, Xperia 0, Xperia 1 Premium.

şu gün 16:26
202

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......

şu gün 13:59
1k+

Microsoft dürli ýurtlarda EA-nyň ornaşdyrylyş derejesine baha berdi: ABŞ bilen Hytaý, ilkinji 20-lige hem girmedi

2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Birleşen Arap Emirlikleri we Singapur emeli aňyň ornaşdyrylyşynda öňdebaryjy boldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Hytaý emeli aňyň ornaşdyrylmagy boýunça ilkinji 20 ýurduň......

şu gün 12:26
2.7k+

Apple duýdansyz ýagdaýda Hytaýda iPhone 17 Pro-nyň bahalaryny döwdi: arzanladyşlar baryp 300 dollara ýetýär

Apple kompaniýasy Hytaýda iPhone 17 seriýasynyň bahalaryny aşakladyp başlady. 15-nji maýdan başlap, iPhone 17 Pro-nyň bahasy 1000 ýuan (147 dollar) arzanlady, trade-in maksatnamalaryny we goşmaça subsidiýalary......

şu gün 11:20
609

Google wideo döretmek üçin täze Gemini Omni neýroulgamyny görkezdi

Google kompaniýasy tekstleriň, suratlaryň, audiolaryň we beýleki wideo ýazgylaryň esasynda wideo döretmäge hem-de olary redaktirlemäge niýetlenen Gemini Omni atly generatiw emeli aň modelleriniň täze toplumyny......