Samsung smartfonlar üçin wirtual klawiaturasyny hödürledi

  • 21.01.2020 23:35
  • 3k+
Samsung smartfonlar üçin wirtual klawiaturasyny hödürledi

Samsung kompaniýasy tekst ýazmak üçin islendik tekiz üsti ulanmaga mümkinçilik berjek Selfie Type wirtual klawiaturasyny hödürledi. Emeli intellektli programma öňdäki kameranyň kömegi bilen barmaklaryň hereketlerini hasaba alýar we olary seljerip, klawiatura düwmesine basmalara öwürýär diýip, kompaniýanyň press-relizinde bellenilýär.
Oýlap tapyjylar smartfonlardaky ekran klawiaturalarynyň entegem adamlaryň olar bilen talabalaýyk işlemekleri üçin juda kiçidigini, çaklaňja klawiaturalaryň bolsa artykmaç ýer tutýandygyny aýdýarlar.
Wirtual klawiatura bilen işlenilende ulanyjy haýsydyr bir tekiz üstüň öňüne geçip oturmaly (meselem, stol) we smartfonyň kamerasyny onuň görýän meýdanyna eliň düşer ýaly edip ýerleşdirmeli. Soňra onuň tekiz üste «seretmän çap etmek» usulynda adaty klawiatura basyşy ýaly basmagy gerek. Programma barmaklaryň hereketlerini hasaba alýar we olary simwollara öwürýär.
Bu programmanyň heniz diňe prototip görnüşiniň bardygy üçin häzirki wagtda oýlap tapyjylar ony iňlis dilinden başga dillerde hem synagdan geçirip görmek we wirtual klawiatura teksti çap etmegi ulanyjynyň indiwidual aýratynlyklaryny-da göz öňünde tutup ýerine ýetirer ýaly etmek isleýärler.

şu gün 00:58
802

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri şäheri ösdürmegiň nobatdaky...

şu gün 00:27
859

Moskwada GDA-nyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler

8-nji oktýabrda Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler. Mejlisiň gün tertibine GDA ýurtlarynyň arasynda özara gatnaşyk etmek we 2025-nji ýylda guramada...

şu gün 00:09
1k+

«Türkmennebit» DK Balkan welaýatynda iki guýyny ulanyşa tabşyrdy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň yzýanynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň zähmet toparlary bir günüň dowamynda birbada...

düýn 23:56
675

Fiziologiýa we lukmançylyk boýunça Nobel baýragy mikroRNA-ny tapanlara berildi

Nobel komiteti 2024-nji ýylda fiziologiýa we lukmançylyk boýunça baýraga eýe bolanlaryň atlaryny yglan etdi. Wiktor Embros bilen Geri Rawkun “mikroRNA-lary açandyklary we gen ekspressiýasynyň transkripsiýadan soňky...