Samsung hiç hili simsiz telewizoryny anons etdi

  • 20.01.2020 02:37
  • 4.1k+

Consumer Electronic Show 2020 sergide Samsung kompaniýasy çarçuwasyz flagman Q950TS QLED 8K-dan, şeýle-de hojalykda ulanmaklyga niýetlenilen modul The Wall-yň täze neslinden başlap, birnäçe täze telewizorlary hödürledi.
Belli bolşy ýaly, günorta koreý Samsung kompaniýasy hiç hili simsiz telewizorynyň prototipini görkezmek isledi, emma dürli sebäplere görä ony görkezip bilmedi.
Samsung kompaniýasynyň displeýler bölüminiň prezidenti Han Çon Hi Samsung tarapyndan işlenilip düzülen bu simsiz telewizoryň diňe bir şekilleri beriji kabelden däl-de, eýsem, güýçli iýmitleniş kabelinden hem mahrum edilendigini habar berdi.
Samsung simsiz telewizorlary elektromagnit induksiýasynyň esasynda esaslandyrylar. Häzirki wagtda testden geçirme işleri işjeň alnyp barylýar, eýýäm häzir bu tehnologiýa eger-de çeşme bilen telewizoryň arasynda hiç hili böwet bolmasa, onda elektroenergiýanyň 2 m-e çenli uzaklykdan howa arkaly geçirilmegine mümkinçilik berýär. Samsung tehnologiýany kämilleşdirmek ugrunda işlerini dowam etdirýär, şonuň üçin telewizoryň tanyşdyrylyşyny CES 2021-e çenli goýmak netijesine gelindi.
Häzirlikçe bolsa onuň häsiýetleri barada habar berlenok, ýöne ilkinji modelleriň baýrak segmentine degişli bolmagy ahmal, şonuň üçin hemişe meşhurlyk gazanýan 8K panelleriniň ulanylmagyna garaşaýmaly bolýar.

şu gün 16:26
202

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......

şu gün 13:59
1k+

Microsoft dürli ýurtlarda EA-nyň ornaşdyrylyş derejesine baha berdi: ABŞ bilen Hytaý, ilkinji 20-lige hem girmedi

2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Birleşen Arap Emirlikleri we Singapur emeli aňyň ornaşdyrylyşynda öňdebaryjy boldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Hytaý emeli aňyň ornaşdyrylmagy boýunça ilkinji 20 ýurduň......

şu gün 12:26
2.7k+

Apple duýdansyz ýagdaýda Hytaýda iPhone 17 Pro-nyň bahalaryny döwdi: arzanladyşlar baryp 300 dollara ýetýär

Apple kompaniýasy Hytaýda iPhone 17 seriýasynyň bahalaryny aşakladyp başlady. 15-nji maýdan başlap, iPhone 17 Pro-nyň bahasy 1000 ýuan (147 dollar) arzanlady, trade-in maksatnamalaryny we goşmaça subsidiýalary......

şu gün 11:20
609

Google wideo döretmek üçin täze Gemini Omni neýroulgamyny görkezdi

Google kompaniýasy tekstleriň, suratlaryň, audiolaryň we beýleki wideo ýazgylaryň esasynda wideo döretmäge hem-de olary redaktirlemäge niýetlenen Gemini Omni atly generatiw emeli aň modelleriniň täze toplumyny......