«Rysgal» PTB Internet-banking hyzmatyny hödürleýär

  • 13.01.2020 22:27
  • 6.5k+

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky öz müşderileri üçin Internet banking hyzmatyny hödürleýär.
Bankyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, Internet banking hyzmatyny birikdirmek arkaly müşderi banka barmazdan, kompýutertleriň we mobil enjamlaryň üsti bilen aşakdaky hyzmatlardan peýdalanyp biler:
• Müşderiniň öz hasaplarynyň arasynda serişdeleriň geçirilmegi;
• Bankyň müşderilerine şeýle hem beýleki banklaryň müşderilerine adaty tölegleriň geçirilmegi;
• Adatça köp ulanylýan töleg tabşyryklarynyň görnüşleriniň nusgasyny hem-de şol nusgalaryň esasynda töleg tabşyryklaryny döretmek;
• Işleşýän taraplaryňyzyň atlarynyň, salgylarynyň, hasaplarynyň we ş.m. maglumatlaryň maglumatnamasyny (sprawoçnigini) ýöretmek;
• Müşderiniň öz hasaplary boýunça galyndylaryny we hereketlerini görmek we çap etmek;
• Karzlaryň töleg tertibini görmek;
• Bank tarapyndan iberilýän habarnamalary almak;
• Bank bilen habarlaşmak, sorag-jogap almak;
• Daşary ýurt pullarynyň hümmetini görmek.
«Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň Internet banking hyzmatyndan peýdalanmak üçin şertler:
• bankyň müşderisi bolmaly;
• bankyň resmi saýtynda (rysgalbank.com.tm) ýerleşdirilen «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynda ýuridik şahslara we hususy telekeçilere menzilara bank hyzmatlaryny bermek hakynda Düzgünnama» (oferta çakylyk) bilen tanyşmaly we degişli formalary dolduryp, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankyna tabşyrmaly.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 96-46-74

12.05.2026 15:08
4.3k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4.4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.4k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.8k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....