Agşamlyk üçin iň zyýanly önümler

  • 13.01.2020 20:54
  • 8.5k+

Günüň ikinji ýarymynda iýmit siňdiriş ulgamynyň işjeňligi peselýär. Bagyr, öt haltasy, aşgazanasty mäz gündizkä garanda, haýal işläp başlaýar.
Agşamlyk nahary — dogry dynç alşy düzýän iň esasysy zatlaryň biri. Dietologlar ýatmazyňdan 4 sagat öň naharlanmagy maslahat berýärler. Bu barada Change.ua ýazýar.
Gadagan edilýän önümler şulardan ybarat:
Gyzyl et. Gyzyl et adrenaliniň derejesini ýokarlandyrýan tiroziniň köp mukdaryny saklaýar. Şonuň üçin ony irden iýmeli, agşama çenli bolsa adrenalin norma geler we siz arkaýyn uklap bilersiňiz. Agşamlyk üçin ýeňil belokly nahar hökmünde guşuň ak etini we ýagly bolmadyk balygy maslahat bermek bolar.
Süýji miweler. Üzüm, erik, şetdaly, garpyz, gawun – peýdaly miweler, ýöne olar düzüminde şekeri we uglewodlary saklaýarlar. Şonuň üçin olardan agşam ýüz döndürmeli we olary günüň diňe birinji ýarymynda iýmeli. Şeýle-de, miwe kişdelerini hem iýmeli däl.
Tüwi. Tüwüde krahmallar we degişlilikde işjeň uglewodlar köp. Şonuň üçin iň gowusy tüwüden we beýleki şülelerden günüň ikinji ýarymynda ýüz döndürmeli.
Ýatlap geçsek, britan barlagçylarynyň maglumatlaryna laýyklykda, adam bir gije-gündiziň dowamynda 9 sagat 10 minut ýatmaly. Bu güýjüň gaýtadan dikelmegi üçin ýeterlik we adam oýanandan soň, has gowy ýeňil bolar. Şeýle-de ýatmaga girişmegiň iň amatly wagty hem kesgitlenildi – bu 21:45. Oýanmagyň iň amatly wagty – irden ýedi töwerekleri.

düýn 18:22
7.6k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.6k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.4k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....