Türkmen dokma önümleri Germaniýadaky «Heimtextil 2020» sergisine gatnaşýar

  • 08.01.2020 22:06
  • 2.3k+

7-nji ýanwarda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde öz işine başlan «Heimtextil 2020» atly dokma önümleriniň halkara sergisine Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň wekillerinden we ýurdumyzyň telekeçilerinden ybarat bolan wekilçilikli topary gatnaşýarlar.
Bu halkara sergisi her ýylyň ýanwar aýynda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde ýerleşýän «Messe Frankfurt» sergiler merkezinde geçirilýär. Bu ýyl «Heimtextil 2020» sergisi 7-10-njy ýanwary aralygynda geçirilýär we oňa dünýäniň 65 ýurdundan 3500 golaý halkara kompaniýalary, dürli edaralary gatnaşýarlar.
Serginiň birinji gününde Türkmenistanda öndürilýän dokma senagatynyň önümleriniň sergisi guraldy we ýurdumyzyň harytlaryna çärä gatnaşyjylar tarapyndan ýokary baha berildi.
Şeýle hem serginiň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýet agzalarynyň «Messe Frankfurt» sergiler kompaniýasynyň hem-de dünýäniň dürli ýurtlarynyň dokma önümlerini öndürýän kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.

12.05.2026 18:30
1.6k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.4k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....