«Altyn globus — 2020»: kim ýeňdi — kino täzelikleri

  • 06.01.2020 19:15
  • 4.1k+

«Oskardan» soň derejesi boýunça ikinji ýerde gelýän «Altyn globus» baýragynyň gowşurylyş dabarasy Los-Anjelesde geçdi. Bu çäre 77-nji gezek geçirildi.
Kwentin Tarantino «Iň gowy ssenariý», «Iň gowy komediýa filmi» we «Iň gowy ikinji plandaky aktýorçylyk işi» üçin «Altyn globuslara» eýe boldy.
«Iň gowy zenan keşbi» baýragynda «Altyn globusa» golliwud ýyldyzy Judi Garlandyň keşbini ýerine ýetiren Rene Zellweger mynasyp boldy.
Jokeriň keşbi üçin adybir filmde «Altyn globusa» Hoakin Feniks eýe boldy.
«Iň gaty ses» işi üçin Rassel Kroua telewizion seriallar bölüminde «Altyn globus» gowşurylmalydy. Emma awstraliýaly aktýor dabara gatnaşyp bilmedi, ol ýangyn astynda galan garyndaşlaryna kömekleşmek üçin gitdi.
Daşary ýurt dilinde ýylyň iň gowy kinofilmi hökmünde Pon Jun-honuň «Parazitler» filmi saýlandy. Ol soňky geçen Kann forumynda «Altyn zeýtun baldagyna» mynasyp boldy.
«Drýan» teleserialynyň baş gahrymanynyň keşbini ýerine ýetiren we ssenariýeçi Fibi Uoller-Bridj «Iň gowy komediýa serialy» we «Telekomediýada iň gowy aktrisa» bölüminde 2 sany «Globus» aldy.
Kino sungatyna goşandy üçin Sesil de Milliň baýragyna Tom Henks mynasyp boldy.
«Altyn globus» baýragy ýylyň kino äleminde iň esasy baýrak bolan «Oskaryň» gowşurylyşyna baş taýýarlyk hasap edilýär. «Oskar» baýragy bir aýdan gowşurylar.

12.05.2026 18:30
1.6k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.4k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....