«Espresso» kofesi barada

  • 05.01.2020 14:01
  • 3.4k+

Appeniniň ýaşaýjylarynyň tassyklamagyna görä, italýan iýmiti — bu ýaşaýyş stili.
Neopolitan resepti boýunça pizza Adamzadyň bütindünýä medeni mirasynyň sanawynda eýýäm orun aldy, bu günler ÝUNESKO-nyň sanawyna «espresso» kofesini goşmak maslahatlaşylýar.
XIX asyryň ahyrynda Turin şäherinde Anželo Moriondo bir enjam oýlap tapýar. Bu enjam — häzirki zaman kofe taýýarlaýan enjamyň nesilbaşysydyr. Moriondonyň maksady gyssanmaç müşderilerini tiz wagtda gandyrmak bolup durýardy. Şonuň üçin hem ol kofeni «espresso» diýip atlandyrypdyr.
«Espresso» däplerini saklap galmak boýunça Konsorsiumyň hünärmeni Iaria Danezi şeýle düşündirýär: «Soňlugy bilen kofe taýýarlamak we içmek boýunça bu endik tutuş dünýä ýaýrap başlapdyr. Bu günki gün islendik kafede «espresso» sargyt edýän adam, onuň gelip çykyş taryhy barada ýatlap hem durmaýar. Biziň maksadymyz «espressony» yzyna «watanyna dolap getirmek» bolup durýar».
«Espressonyň» oýlanyp tapylmagy şol wagt üçin täze bir käriň — barrista käriniň ýüze çykmagyna getiripdir.
Hakyky «espressony» nädip tapawutlandyrmaly?
Bu soraga «Espresso» däplerini saklap galmak boýunça Konsorsiumyň hünärmeni şeýle jogap berýär: «Owadan jebis köpürjigi bilen. Bu köpürjik 7 gramm owradylan däneden we 30 millilitr ekstrakdan emele gelip, olary 25 sekundyň dowamynda 9 atmosfera basyşdan geçirmeli».
Italiýada kofeniň ilat başynsa sarp edilişi 6 kg barabardyr. Emma kofe içmek boýunça çempionlar italýanlar däl-de Skandinawlardyr. Birinji ýerde Finlýandiýanyň, olardan soň bolsa Norwegiýanyň ýaşaýjylary gelýär.

düýn 18:22
7.6k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.6k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.4k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....