Çykdajylaryňy azaltmak üçin maliýe endiklerini üýtgetmegiň usullary

  • 30.12.2019 07:32
  • 3.9k+

1. «Bulgur ýarysyndan doly» ýörelge boýunça ýaşap başlaň. Tygşytlamak islän wagtyň, çäklendirmelerde we mahrum bolmalarda ünsi jemlemek aňsat. Şonuň üçin durmuşa bolan gatnaşygyňyzy üýtgetmäge çalşyň. Tygşytlylyk zerarly gamlanyp başlandygyňyzy duýan badyňyza, şeýle keýpiň hiç hili kömeginiň ýokdugyny ýatlaň. Özüňizde bar bolan zatlar we meşgullanyp biljek zatlaryňyz barada pikirleniň. Eger-de islendik wagtyňyz söwda etmäge gidip bilmeýändigiňiz size agyr degýän bolsa, şkafyňyzda tozan basyp duran geýimleriňizi ýadyňyza salyň.
2. Köp çykdajyny talap etmeýän gyzyklanmalary tapyň. Meselem, siz okamagy halaýarsyňyz. Has dogrusy, siziň tekjäňiz kitaplardan doly. Siz ähli bar bolan kitaplary okap guatarýançaňyz, täzesini satyn almajakdygyňyzy özüňize söz beriň. Ýa-da düýbünden satyn almakdan ýüz öwrüň: kitaplaryňyzy kitaphanadan ýa-da dostlaryňyzdan alyň, onlaýn okaň.
3. Möhüm däl zatlara çykdajyňyzy azaldyň. Meselem, öýüňize gerekli harytlary dükanyň hususy markasyndan satyn alyp başlaň. Geljekki iki aýyň dowamynda tapawudyň bardygyna ýa-da ýokdugyna gözegçilik ediň.
Siz örän uly ähtimallyk bilen şeýle özgerişleriň diňe 5-10%-niň agram salýandygyny, galan 90-95% harydyň bolsa siziň zerurlyklaryňyzy kanagatlandyrýandygyny görersiňiz.
4. Şatlanmak üçin pul gerek bolmajak adamlar bilen gatnaşyň. Kino gitmegiň deregine filmlere öýde tomaşa ediň. Restorana gitmän, dostlaryňyzyň kompaniýasynda bir zatlary taýýarlaň. Bulardan lezzet azalmaz, emma çykdajylar bolsa azalar. Jemgyýetçilik çärelerine, tölegsiz leksiýalara, gyzyklanma boýunça duşuşyklara gatnaşyň.
5. Özbaşdak ösüşde ünsi jemläň. Köp çykdajyny talap etmeýän anyk maksat saýlaň we oňa ýetmäge synanşyň. Esasy zat, maksadyň anyk bolmaly we gündeki hereketlere täsir etmeli.
Meselem:
- Geljek 180 gün men öýde günde bir nahar taýýarlaryn.
- Geljek 180 gün men günde 45 minut fransuz dili bilen meşgullanaryn.
180 günüň içinde hereket endige öwrülýär we siz ony maksadyňyza ýeteniňizden soň hem ýerine ýetirmegi dowam etdirýärsiňiz.
6. Uly özgerişleri pikirleniň. Ýokarda agzalan ähli maslahatlar kiçiräk öwrülişigi hödürleýär, ýöne kähalatlarda düýpli özgerişler hem peýdaly bolýar. Meselem, ulag çykdajylaryny azaltmak üçin işe ýakyn ýerleşýän jaýy tapmak ýa-da ulagdan ýüz öwrüp, oňa derek awtobusda ýa-da pyýada gitmek. Şeýle ýagdaýda siz aýlyk çykdajyňyzy düýpli azaldarsyňyz.

12.05.2026 15:08
4.3k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4.4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.4k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.8k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....