23-nji dekabrda «Nejep oglan» filminiň ilkinji görkezilişi bolar

  • 22.12.2019 23:54
  • 8.2k+

Režisýor Wepa Işangulyýewiň «Nejep oglan» gadymy türkmen dessany bilen adybir düşüren filminiň esasynda ýaş bagşy we onuň dutarda çalýan jadylaýjy mukamy ýatyr.
Film Türkmenistanyň XIV-XV asyrlaryň ruhuny saklap galan taryhy hem medeni ýerlerinde, muzeýlerde düşürildi. Kino ýazgy topary Köneürgençde, Daşoguzda, Köýtendagda, Lebapda işledi. Gadym zamanlarda ötüp giden günleriň ruhuna ýakynlygy gazanmak maksady bilen, aktýorlar hakyky sakgal goýberdiler. Kinoşekilinde ýaňlanjak aýdymlaryň ählisi janly ýerine ýetirmede eşitdiler.
Kino düşürilende iň täze tehnikalar ulanyldy. Mysal üçin, suratlary ýagty we göwrümli edip görkezmäge we adaty kameralarda detallaşdyrmakda ýitgi berýän ýagdaýdan gaça durmaga ýardam berýän 4K ölçegli innowasion kameralar peýdalanyldy.
Aşgabatlylar we paýtagtyň myhmanlary «Nejep oglan» filminiň ilkinji görkezilişine 23-nji dekabrda 17:00-da «Aşgabat» kinoteatrynda tomaşa edip bilerler. Giriş tölegsizdir.

12.05.2026 18:30
1.6k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.4k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....