Beýnimiziň işini togtadýan 7 endik

  • 18.12.2019 22:08
  • 7.7k+

Häzirki zaman dünýämizde durmuşymyzy aňsatlaşdyrýan we oňaýly şertleri döredýän zatlaryň ençemesi ýüze çykdy. Şonuň bilen baglylykda, adamlaryň aglabasynda beýniniň işini togtadýan we onuň işjeňligini düýpli peseldýän endikler döredi. Şonuň üçin, el çekilmegi ýerlikli boljak bu endikleri bilmek hemmelere hökmanydyr.
Hemişe sosial torlarda wagtyňy geçirmek. Sosial torlaryň peýdasy näme? Onda dostlaryň suratlaryny, gülküli wideolary görmek, gürrüňleri okamak we aragatnaşyk saklamak bolýar. Sosial torlarda köplenç peýdaly bolmadyk, asla gerekmejek informasiýalar ýygnanýar, olar diňe wagtyňy alýar we her bir adamy «kütelmäge» iterýär. Sosial torlara sarp edýän wagtyňyzy azaltmaly.
Hemişe torlarda jogap gözlemek. Internet informasiýalara çäksiz elýeterlilik döredýär. Şol sebäpli kesgitli soraglara jogap almak üçin, köp adamlar internete girýärler. Bu kadaly ýagdaýdyr welin, bir bellemeli zat bar — beýni alnan informasiýany analizlemegini bes edýär. Beýniň işjeňligini elmydama ýokary derejede saklamak üçin, hemişe özüňe dürli ýumuşlary oýlap tapyp, ony türgenleşdirip durmaly.
Ýarawsyz wagtyň işlemek. Durmuşyň döwrebap depgini köp adamlary ýarawsyz wagty hem işlemäge mejbur edýär. Ýarawsyz wagtyň işe gitmek bilen nähili peýda gazanyp bolar? Ýolbaşçynyň goldawynymy ýa-da aýlyk hakyň ýokarlanmagynymy? – beýle bolmasa gerek. Kesel wagtynda immunitet gowşaýar we ýürek aşa ýokary agram bilen işläp başlaýar. Netijede, beýni özüniň işe ukyply bolmagy üçin zerur bolan energiýa mukdaryny kabul etmeýär. Şol sebäpli ýarawsyz wagtyňda öýde galmak hökmanydyr, çünki gazanç etmek islegi diňe zyýan getirer.
Aragatnaşyk etmekden ýüz öwürmek. Jemgyýetde aragatnaşyk etmekden ýüz öwürýän adamlara ýygy-ýygydan duşmak bolýar. Olar muny diňe öz maksatlaryny we isleglerini yzarlamaga çalyşýandyklary bilen düşündirýärler. Aslynda kommunikasiýa beýniniň işine oňaýly täsir edýär. Eger-de adam hökmany kommunikasiýany kabul etmedik ýagdaýynda, onda ilkinji göze ilmeýän kynçylyklar ýüze çykýar.
Uky ýetmezçiligi. Günüň dowamynda beýni kellede millionlarça faktlary aýlamak bilen, işjeň hereket edýär. Beýniniň diňe uky wagtynda az-kem dynç alyp başlaýar. Uky wagtynda onuň işjeňligi peselýär, dikeldiş prosesleri bolup geçýär. Eger-de dikeldiş üçin gerekli wagt möçberinde uky alynmasa, onda meseleler adaty ýagdaýa öwrülip başlaýar.
Mydama habarlary barlap durmak. Käbir adamlar günüň dowamynda olara hiç kim hiç zat ýazmasa-da habarlary dowamly barlap durýarlar. Köpüsi şeýle işi peýdaly hasaplaýar, çünki olar nämedir bir möhüm zady gözden sypdyrmakdan gorkýarlar. Ýöne şeýle endik başagaýlyk diýlip atlandyrylýar. Şular ýaly ownuk zatlara ünsi bölemk bilen beýni monoton işi ýerine ýetirýär. Muňa o diýen köp wagt gitmese-de, hiç hili peýda ýokdur.
Şol bir iş bilen meşgullanmak. Günüň dowamynda şol bir tipli işler ýerine ýetirilende beýniniň işjeňligi peselmäge başlaýar. Iň esasy zat – adam ruhyçökgünlige düşüp başlaýar. Ýeke-täk çykalga – işi üýtgetmek ýa-da mydama ýumuşlary üýtgetmek bilen, birmeňzeş işden ýüz öwürmäge çalyşmak.

12.05.2026 15:08
4.3k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4.4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.4k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.8k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....