Warner Bros. kinokompaniýasy «Matrisa» filminiň dowamynyň çykjak senesini mälim etdi

  • 13.12.2019 02:18
  • 2.5k+

Warner Bros. kinostudiýasy «Matrisa» filminiň dördünji bölüminiň çykjak senesini aýtdy. Ilkinji görkeziliş 2021-nji ýylyň 21-nji maýyna meýilleşdirildi, diýip «Variety» habar berýär.
Kianu Riwz (Neo) we Kerri-Enn Moss (Triniti) öz roluna dolanarlar, režissýor Lana Waçowski bolar. Şeýle-de filme Ýahýa Abdul-Matin II (“Аквамен”, “Хранители”), Jessika Henwik (“Звездные войны: пробуждение силы”) we Nil Patrik Harris (“Исчезнувшая”, “Звездный десант”) gatnaşar.
Studiýa DC Comics äleminden bolan gahryman baradaky “Fleş” filminiň premýerasynyň hem 2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda boljakdygyny habar berdi. Barri Allenanyň roluna Ezra Miller dolanar.
21-nji awgustda Warner Bros. kinokompaniýasynyň ýolbaşçysy Tobi Emmerih «Matrisa» filminiň dowamyny anons edipdi. Trilogiýanyň ilkinji filmi 1999-njy ýylda çykdy, ikinji we üçünji epizodlary bolsa (“Матрица: перезагрузка” we “Матрица: револьюция”) – dört ýyldan soň çykaryldy.

16.04.2026 22:53
1.8k+

Zendeýa On brendi bilen başdan-aýak eşik toplumyny çykardy

Meşhur aktrisa Zendeýa we On sport brendi bilelikde taýýarlan täze eşik we aýakgap kolleksiýasyny tanyşdyrdylar. WWD olaryň 16-njy aprele satuwa çykaryljakdygyny habar berýär....

16.04.2026 19:57
6.6k+

«Köwşüň aýagyňa laýykmy, ýa...?»:zenanlar näme üçin aýaklarynyň ululygyndan utanýarlar?

...Witrinanyň öňünde durup-durup, göwnüne ýaran owadan köwşi ahyry eline alan zenan satyjynyň ýanyna bardy-da, bir gyzaryp, bir bozaryp, özi üçin örän aýyp bolan soragy pyşyrdabrak daşyna çykardy:...

13.04.2026 16:26
4.3k+

Dizaýnerler jins geýmegiň iň moda usulyny aýtdylar

2026-njy ýylyň ýaz/tomus möwsüminiň esasy trendi jinsileri pasyrdap duran giň bluzkalar bilen geýmekdir. Bu görnüş romantikanyň üstüne rahatlyk goşup, geýen kişini göze ýakymly görkezýär....

04.04.2026 14:12
9.1k+

Jinsini döreden Lewi Strauss hiç haçan jinsi geýmändir

Häzirki wagtda jinsi matadan tikilen eşikler dünýäniň iň ýörgünli lybasy bolsa-da, ony döreden Lewi Strauss öz ömründe hiç wagt jinsi eşik geýmändir....