Sungata we arhitektura bagyşlanan neşiriň täze sany çapdan çykdy

  • 11.12.2019 06:51
  • 2.2k+

«Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy» atly neşiriň nobatdaky, bäşinji sanynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň çäginde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda ylmy-barlag işlerini, şol sanda arheologik gazuw işlerini geçirmäge gönükdirilen ýörite Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde türkmen alymlary tarapyndan alnyp barylýan arheologik barlaglaryň käbiriniň ilkinji netijeleri ýerleşdirildi. Ol Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy habarlary bilen dowam edýär.
«Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy» atly ýygyndynyň awtorlarynyň hatarynda ýurdumyzyň hünärmenleri we olaryň daşary ýurtly kärdeşleri bolup, olaryň täze açyşlary diňe degişli ýokary okuw mekdepleriň alymlarynda we talyplarynda däl-de, eýsem, Türkmenistanyň hem-de Orta Aziýanyň maddy we ruhy medeniýetini öwrenýän alymlarda uly gyzyklanma döredýär.
Hünärmenleriň arasynda meşhurlyga eýe bolan ýygyndy türkmeniň şanly geçmişine, onuň taryhy mirasynyň egsilmejek baýlyklaryna bolan gyzyklanmanyň artmagyna ýardam edýär.
Neşir sungatşynaslaryň, arhitektura taryhçylarynyň hem-de Türkmenistanyň gadymy we häzirki medeniýetini öwrenýän arheologlarynyň işiniň ugurlaryny beýan edýär.

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....

24.04.2026 16:14
2.4k+

Aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy

«The Last of Us» we «Narko» seriallary boýunça meöhur bolan aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy. Bu barada ol özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda habar berdi....