Näme üçin hapany agşam taşlamaly däl

  • 08.12.2019 22:26
  • 11k+

Yrymlara görä, Gün ýaşandan soň hapany taşlamak ýaramaz ýagdaýlara getirip bilýär. Bu gadaganlygyň näme manysy bar we onuň bozulmagy nähili netijelere getirip bilýär?
Ynançlara görä, günüň garaňky wagtynda al-arwahlar doly güýje girýärler we seresapsyz adamlara zyýan ýetirip bilýärler. Kim hapany taşlaýan bolsa, şoňa maşgalada sögüş we düşünişmezlik ýaly betbagtçylyklar, şeýle-de işdeşler, ýolbaşçylar we ýakyn adamlar bilen aragatnaşyk etmekde meseleler garaşýar.
Gadymy döwürlerde ynançlara görä, ruhlar öýi gorapdyrlar, hojalyga kömek edipdirler we öýden hem-de maşgaladan islendik erbetligi daşlaşdyrypdyrlar. Biperwaý hojaýynlar öýüň tertip-düzgüni barada alada etmeseler hem-de hapany agşama çenli goýsalar, öýüň ruhy maşgalany hemaýatsyz galdyryp, olardan gidip bilipdir.
Az gorkuzmaýan ýene bir yrym, ol hem maşgalanyň agzalaryna göz degirmek ýa-da zyýan ýetirmek üçin jadygöýiň ýa-da albassynyň zibilden peýdalanyp bilmegi hasaplanýar. Şeýle yrym hereket edýär, kim-de kim hapany agşam taşlaýan bolsa, şol hem adamyň içine girip, ony däli adama öwrüp bilýän al-arwahlaryň topulmasyna sezewar bolup bilýär.
Fen-şuýa görä, hapanyň agşam zyňylmagy maliýe şowlulyklaryndan, şatlykdan we işiň ugruna bolmasyndan mahrum edip bilýär. Şatlygyňy birden gidirmek bolar, ýöne saglygyňy yzyna gaýtarmak bolsa diýseň kyndyr.
başga bir ynanja görä, hapa iki el bilen zyňylsa gowy, şondan soň yzyňa öwrülmän we hiç kim bilen gürleşmän öýüňe gitmeli.
Döwrebap adamlar oýlanyşykly pikir etmäge uýgunlaşan, şonuň üçin olar hapany agşam yrymlar bilen baglylykda taşlamaýarlar. Günüň garaňky wagtynda ýakymsyz ýagdaýlara düşmek ýeňil, şol bir hatarda öýsüz itler bilen çaknyşmak.

12.05.2026 15:08
4.3k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4.4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.4k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.8k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....