Bilelikde iýmek maslahat berilmeýän önümler

  • 08.12.2019 09:48
  • 7.1k+

Önümleriň goşulyşmagy hakykatda biziň organizmimiz üçin peýdaly däl. Aşgazanyň siňdirmezligi we garnyň çişmegi – bu häzirlikçe, olaryň bile kabul edilmeginiň pes netijesi. Bu iýmitleri garyşdyrmasaň has gowy bolar. Ine, munuň sebäbi.
Hyýar we pomidor. Eger size iň bir belli tomus işdäaçary ýaraýan bolsa, sizi gynandyrmaly bolýarys: bu sazlaşyk aşgazan üçin peýdaly däl. Hyýar özüniň düzümi boýunça aşgarly önümlere degişli, pomidor bolsa – turşy önümlere. Hyýary siňdirmek üçin aşgazanda kislota bölünip çykýarka, pomidor eýýäm ajap başlaýar. Hatda peýdaly ýaly görünýän işdäaçaryň ýekeje porsiýasy hem garnyň çişmegine ýa-da başga ýaramaz netijelere getirip bilýär.
Süýt we şüle/galla önümleri. Süýdi iň gowusy, aýratyn içmeli we ony islendik galla önümleri bilen baglanyşdyrmakdan gaça durmaly. Sebäbi süýt proteini beýleki proteinler ýa-da undan edilen önümler bilen erbet sazlaşýar. Şol sebäpli süýtli şüle – iň gowy saýlaw däl, esasanam, siz sagdyn durmuşy alyp barýan bolsaňyz.
Gazly içgi we burger. Kaloriýa barada ýatdan çykaralyň (olaryň mukdaryny hatda göz öňüne getirmek hem gorkunç!) we bu iki iýmitiň organizmdäki özara täsiri barada gürrüň edeliň. Burger bilen gazly içginiň sazlaşygy siziň bagryňyzyň üsti bilen iki esse urgy urýar. Biliňdäki birnäçe artykmaç agram bilen bir hatarda belli fast-fud size aşgazanyňyzda, sary gaýnamada we çişmede agyrlyk döreder. Iň gowusy burgeri gök çaý bilen ýa-da adaty suw bilen kabul ediň.
Ýeralma we et. Ýeralma – etli naharlar üçin meşhur garnir. Muňa garamazdan, iýmitiň bu iki kategoriýasy düýbünden utgaşmaýar. Ýeralmanyň we etiň siňmegi üçin iýmit siňdiriji fermentleriň dürli görnüşleri gerek bolýar. Şeýle iýmit organizmi bulaşyklyga getirýär, netijede ähli zat diňe bir aşgazanda agyrlygyň emele gelmegi bilen däl-de, eýsem, iýmit siňdirişiň bozulmagy bilen gutarýar.
Miweler we ýogurt. Ýogurt bilen garyşdyrylan miweler – tagamly sazlaşyk, ýöne zyýanly. Ýogurtda miwelerdäki şeker bilen reaksiýa girýän köp sanly bakteriýalar saklanýar. Şeýle özara täsiriň netijesinde toksinler ýüze çykýar. Hiç hili goşundysyz adaty ýogurtlara ünsi beriň, olaryň tagamyny artdyrmak üçin bolsa oňa azrak ary balyny ýa-da kişmiş goşuň.

düýn 23:49
495

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....