Nädip 2 minudyň içinde uklamaly: harby uçarmanlaryň usuly

  • 07.12.2019 23:20
  • 67k+

Köplenç adamlar nerw, dartgynlylyklar ýa-da möhüm hadysanyň öň ýanyndaky aladalar zerarly wagty bilen uklap bilmeýärler. Bu bolsa organizmiň ýagdaýyna erbet täsir edýär, aýratynam, ir turmaly bolanda. Amerikan uçarmanlary iki minudyň içinde uklamaga kömek etjek sistemany işläp düzdüler. «Rambler» ähli hereketleri tertip boýunça gürrüň berýär.
Hereketleriň yzygiderliligi «Bada Winteriň» metody diýlip atlandyrylýar. Ol harby-deňiz güýçleriniň (ВМС) leýtenanty bolupdy, mundan öň bolsa, ol futbol tälimçisi bolup işledi we türgenlere myşsalaryny gowşatmaga kömek etdi.
Ikinji Jahan urşy wagtynda ABŞ-nyň goşun ýolbaşçysy uçarmanlaryň islendik ýerde, ýagdaýda we şertlerde uklap bilmegi üçin, täze sistemany işläp düzmek kararyna geldi.
Özüňize amatly ýagdaýy saýlaň. Eger-de siz krowatda ýatan bolsaňyz, onda başga hiç zat gerek däl. Bu maslahat aeroportda, awtobusda, ulagda ýa-da başga ýagdaýlarda uklamak isleýänlere degişli. Oturyň we oturgyjyň arkasyny ýatyryň, meselem, kelläňiziň aşagynda ýörite ýassyk goýuň.
Ýüzüňizi gowşadyň. Bu prosesiň tutuş dowamynda möhüm bolup durýar. Biziň ýüzümizde hemişe hereketde bolýan myşsa örän köp. Köplenç olar alada ýa-da stress barada organizme signal iberýärler. Gözüňizi, çekgäňizi we äňiňizi gowşatmaga çalşyň.
Egniňizi we elleriňizi goýberiň. Ýüzüňizden soň beýleki myşsalary hem gowşatmak gerek. Köp adamlaryň esasan, boýnuna we eginlerine agram düşýär. Eger-de size olary gowşatmak başartmasa, zor salmaga synanyşyň, şonda olaryň özi kadaly ýagdaýa geler. Bu tapgyrda işiň ýarysy ýerine ýetiriler.
Aýaklaryňyzy gowşadyň. Bedeniň ýokarky böleginden soň, aşaky bölegi hem gowşatmaly bolýar. Ýokardan aşaklygyna gaýdyň: ilki kwadrisepsleri, soň baldyrlary, ondan soň dabanlaryňyzy gowşadyň. Sagyň tarapdarlary sag tarapdan başlasa bolar, çepbekeýler – çepden.
10 sekunt pikirlenmegi bes ediň. Siz öz bedeniňizi we ýüzüňizi gowşadanyňyzdan soň, beýnä geçmeli. Stress ýa-da aladalar barada pikir etmezlige çalşyň. Winteriň özi şeýle kartinany göz öňüne getirmegi hödürleýär: siz asuda kölde ýüzüp barýan kanoýda ýatyrsyňyz we asmana seredýärsiňiz, siz diňe suwuň sesini eşidýärsiňiz. Siziň beýleki pikirleriňiz rahatlygyňyzy bozmaz ýaly, bu barada doly pikirlenmäge synanyşyň. Ýa-da gara çadyrda ýatandygyňyzy we daş-töweregiňizde hem diňe gara boş giňişligi göz öňüne getiriň. Käbirlerine on sekundyň dowamynda kellede «pikirlenme» jümläni gaýtalamak kömek edýär.

düýn 18:22
7.6k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.6k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.4k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....