Täze ýyl arçasyny nähili reňkler bilen bezemeli?

  • 07.12.2019 22:57
  • 11k+

Arçany dürli stilde bezemek boýunça käbir pikirleri hödürleýäris. Esasy zat – bu prosesden lezzet almak!
Arçany hakyky tebigy elementleri goşmak bilen açyk-gyzyl we ak reňklerde bezemäge synanyşyň – bu hemişe gelşikli we öý stilinde. Bu ýerde esasy zat – iki sany esasy öwüşginde durmak bilen reňk sazlaşygyny saklamakdan, şeýle-de arça bezegine birnäçe bezegli ýa-da tebigy detallary — hakyky almalary, mandarinleri, hozlary, süýjüleri, gozalary goşmakdan ybarat. Şeýtseňiz, üýtgeşik bir arça emele geler. Mundan başga-da, iýilýän bezegleri çagalar hem gowy görýär!
Gysgyçlylar. Şeýle oýunjaklar arçada emele gelen boşluklary doldurmaga kömek eder, şonuň üçin biz olary iň soňunda dakmagy maslahat berýäris.
Adatça gutularda ýa-da gapyrjaklarda saklanylýan islendik ownuk-uşak bezegler häzir has ýerlikli bolar. Arçanyň aksessuarlar bilen üstüni ýetirmek üçin olary owadan kompozisiýa boýunça tekjelerde ýerleşdiriň!
Maslahat: Eger-de Täze ýyl arçasyny süýjüler ýa-da miweler bilen bezemek isleýän bolsaňyz, olar hem reňkleri boýunça beýleki bezegler bilen sazlaşmaýan bolsa, olary ýene bir arça bezegine öwürmek bilen, gaplamak üçin ulanylýan açyk kagyzlar bilen dolaň.
Hakyky gyş paslynyň häsiýetini bermek isleňiz, onda sowuk reňkleri ulanyň: ak, kümüşsöw reňki, sadap reňkini. Goý, siziň otagyňyz gar örtülen tokaý ýaly öwüşgin atsyn we ýalpyldap dursun.
Eger-de siz öz arçaňyza gyş tokaýynyň owadanlygyny hem-de häsiýetini bermek isleseňiz, bezeglere haýwanlaryň we hyýaly guşlaryň şekillerini goşmagy hem unutmaň. Maslahat: Jadyly atmosferany döretmäge köp sanly çüýşeler kömek eder. Şemleri şöhle saçýan metal elementli çüýşe şemdanlarynda ýerleşdiriň. Eger-de bezeg çyralaryny ulanýan bolsaňyz, onda ak ýa-da gök yşykly ýanýanlaryny saýlaň.
Mawy, ametist we bal reňkleri bolsa siziň öýüňizi janlandyrar hem-de güýçli sowukda hem tomusdaky ýaly güneşli, şadyýan ýagdaýy döreder.
Arçanyň bezeginde reňkleri sazlaşdyrmakda kynçylyk çekýän bolsaňyz, owadan her dürli oýunjaklary alyň we reňkleri hem şolara görä saýlaň.
Arçadaky reňkleriň üýtgeşik sazlaşygyny hökman açyk reňkli gap-gaçlar bilen goldaň. Reňkli çüýşeden edilen tarelkalar we bokallar häzir modada!
Maslahat: Reňkli kagyzlardan dolanan kagyz süýjüleri bilen hem arça bezeginiň üstüni ýetirmek bolýar. Her kagyzjygyň içine kiçiräk bir arzuw ýazyň, myhmanlar üçin bu baýramçylyk wagtynda ýakymly bir sowgat bolar.
Arçanyň aşagyndaky sowgatlar onuň bezegi bilen sazlaşmaly. Siz olary bezegleriň reňkindäki kagyzlar bilen dolasaňyz has hem gowy bolar.

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....

24.04.2026 16:14
2.4k+

Aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy

«The Last of Us» we «Narko» seriallary boýunça meöhur bolan aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy. Bu barada ol özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda habar berdi....