Çalt okamak endiklerini özleşdirmek mümkinmi?

  • 04.12.2019 06:13
  • 3.1k+

XXI asyr – adamzat taryhynda maglumatlar asyrydyr. Biz häzirki wagtda diňe bir dünýä torunda däl-de, eýsem, has adaty çeşmelerde: kitaplarda, žurnallarda we gazetlerde hödürlenilýän maglumatlaryň şeýle göwrümi bilen öň çaknyşyp görmändik. Informasiýanyň islendik görnüşiniň şular ýaly ählumumy elýeterli bolandygyna garamazdan, adam wagt ýetmezçiligi zerarly gitdigiçe az okaýar. Şular ýaly agyr tendensiýany biraz hem bolsa ýeňilleşdirmek üçin, neşir çeşmelerinden maglumatlary öňküden has çalt kabul etmäge mümkinçilik berýän çalt okamagyň dürli usullary oýlanylyp tapylypdy.
Ýöne bu usullar kömek edýärmi?
Döwrebap mahabatlaryň ägirt uly mukdarynyň bizi hemme ýerde çalt okamak boýunça ol ýa-da başga bir webinary satyn almaga çagyrýan-da bolsa, alymlar çalt okaýyş tizligini 3 esseden ýokary artdyrmagyň asla mümkin däldigini tassyklaýarlar.
Okamak – beýni üçin ünslüligi we kabul edilýän informasiýadan many çykarmak mümkinçiligini talap edýän ýeterlik derejede kyn ýumuş bolup durýar. Bar bolan teksti okap çykmak üçin, siziň organizmiňiz birbada birnäçe psihiki sistemalary koordinirlemeli bolýar. Ýagny, siz ilki sözi görmeli, ony aňlamaly we gerekli manyny tutmaly, şondan soň ony sözlemiň beýleki bölekleri we töweregindäki kontekst bilen baglanyşdyrmaly.
Kähalatlarda okamak prosesindäki näsazlyk yza dolanyp, gerekli bölegiň täzeden okalmagyny talap edýär. Real durmuşda bu zatlaryň örän çalt bolýandygyna garamazdan (tejribeli okyjy minutda 200-den 300-e çenli söz okap bilýär), bu prosesi anyklygy saklamak bilen bir hatarda tizlendirmek praktiki taýdan mümkin däl.
Adaty adamyň okaýşynyň ortaça tizligi minutda 250 söze ýakyn bolýar.
Çalt okamaklyk barada ilkinji gezek 1959-njy ýylda, ýagny Ewelin Wuduň çalt okaýyş tizligini artdyrmak üçin ilkinji programmany hödürlän wagtynda söz açylýar. Kitap şeýle bir meşhur bolýar welin, hatda ABŞ-nyň prezidentleri Karter, Nikson we Kennedi özleriniň ýakyn işgärlerini meşhur kurslara iberýärler. Hakykatdan hem, özboluşly hasaplanylýan Wud tehnikasy beýleki çemeleşmeler başga bir usullary, meselem, teksti egrem görnüşli nusga boýunça skanerleme ýaly usullary göz öňünde tutýarka, adamlara tutuş bölekleri birbada okamagy öwredýärdi. Alymlar şol wagt biziň gözümiziň informasiýany kabul etmek prosesi bilen bagly bolmadyk, düýbünden peýdasyz hereketleri amala aşyrýandygyny nygtaýarlar.
Barlag görejiň ýitiliginiň kabul edilýän informasiýanyň degişlilikde uly bolmadyk böleginde ünsi jemleýändigini görkezdi, bu bolsa uly göwrümli tekstleri birbada analiz etmäge we okamaga mümkinçilik berdirmeýär. Okalan zada düşünmek – bu sözi aňlamak ukyby, şonuň üçin gözüň hereketleriniň korrektirlenmesi, ähtimal, bize çalt okamaga kömek etmez. Biziň beýnimiziň informasiýany tertip boýunça kabul edýändigi üçin, tekstiň egri çyzyk görnüşli suraty, has dogrusy, size täze bilimi kabul etmäge mümkinçilik bermän, gaýtam siziň okaýşyňyzy we görejiňizi ýaramazlaşdyrar.
Soňky ýyllarda çalt okamagyň usullarynyň awtorlary hiç hili öwretmä sezewar etmezden, okaýyş tizligini çaltlandyrmaga kömek edip biljekdiklerini aýtdylar. Käbir mobil programmalar teksti bir gezekde bir söz bilen, biri-biriniň yzyndan kesgitli tizlikde şöhlelendirmegi öwrendiler. Şeýle ýagdaýda, siziň gözüňiz öňüňizdäki sözde jemlenmäge mejbur bolýar. Ýöne ýene-de tekste doly düşünmek üçin käwagt yza dolanyp, sözi gaýtadan okamaly bolýar.
Elbetde, okaýyş tizligi köp faktorlara bagly bolýar. Ýagny, belli bir fiziki we psihiki aýratynlyklaryň netijesinde, käbir adamlar başgalar bilen deňeşdireniňde okamak boýunça has çalasyn bolýar. Ýokary iş ýadyna ýa-da informasiýany çalt işläp bilmek başarnygyna eýe bolanlar bolsa, minutda 600-e çenli belgini aňlamaga ukyply bolýarlar. Ýöne adamyň okaýyş tizligini iki esse ýa-da üç esse artdyryp biljekdigi baradaky tassyklamalaryň köpüsi barlagçylar tarapyndan şübheli hödürlenilýär. Barlaglar çalt okamak tehnikasynyň köpüsiniň ol ýa-da beýleki bir materiala düşünmäge we dogry kabul etmäge mümkinçilik bermeýändigi görkezdi.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......