Çempionlar ligasynyň toparçalardaky tapgyrynyň nobatdaky duşuşyklaryna syn

  • 27.11.2019 10:32
  • 3.1k+

Sişenbe güni Çempionlar ligasynyň toparçalardaky tapgyrynyň oýunlary geçirildi. Bu duşuşyklar dogrusynda käbir maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.
«А» topar
«Galatasaraý» — «Brýuge» — 1:1 (Adem Büýuk, 11 — Diatta, 90+2).

Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň başky dört oýnunda «Galatasaraý» esasy düzümde ýekejede türk oýunçysyny çykarmandy. Bu tapgyrda bolsa, birbada ikisini çykardy. Şolaryň biriniň — Emer Baýramyň ýardam pasy bilen Adem Büýuk gol saldy. Emma «Brýugge» goşmaça wagtda deňme-deňligi gazanmagy başardy.

«Real» — «PSŽ» — 2:2 (Benzema, 17, 79 — Mbappe, 81, Sarabiýa, 83).

«Real» duşuşygyň başky ýarym sagadynda artykmaçlyk görkezdi we Benzemanyň kömegi bilen gol saldy. Ikinji ýarymda oýna Beýl girdi. Benzema 79-njy minutda ikinji pökgüsini hem geçirdi. Emma «PS» gysga wagtyň içinde oýny deňläp, 2:2 hasap etdi. Bu toparlaryň ikisi hem indiki tapgyra ynamly gadam basýarlar.
«B» topar
«Tottenhem» — «Olimpiakos» P — 4:2 (Alli, 45+1. Keýn, 50, 77. Orýe, 73 — El-Arabi, 6. Ruben Semedu, 19).

Žoze Mourinýo Çempionlar ligasynda 11 aýlap bolmandy. Täze topary bilen bu duşuşygynda bolsa, grekler 2 gol bilen dessine öňe saýlandylar. Emma birinji ýarym tamamlanmazyndan öň, Alli bir gol salmagy başardy. 50-nji minutda bolsa, hasap deňlendi. «Tottenhem» hüjümini artdyryp Orýeniň we Keýniň kömegi bilen hasaby artdyryp, üstün çykdy.

«Srwena Zwezda» — «Bawariýa» — 0:6 (Goreska, 14. Lewandowskiý, 53, pen., 60, 64, 67. Tolisso, 90).
Mýunhen klubynyň täze tälimçisi Hans-Diter Flik Gnabri, Mýuller we Kimmih ýaly oýunçylaryna bu duşuşykda dynç berdi. Emma onuň esasy hüjümçisi Robert Lewandowskiýniň özi ýatdan çykmajak oýun görkezdi. Bary-ýogy 14 minutda dört gol saldy. Çempionlar ligasynda gollarynyň sany boýunça Lewandowskiý (10 gol) iň öňdäki  ýeri eýeleýär.
«C» topar 
«Mançester Siti» — «Şahtýor» — 1:1 (Gýundogan, 56 — Solomon, 69).

Hasap 56-njy minutda Gýundoganyň Gabriel Žezusyň pasy bilen geçiren goly arkaly açyldy. «Siti» ahyryna çenli bu hasaby saklap bilmedi. Oňa derek, «Şahtýor» hasaby deňläp, özi üçin wajyp bolan deňme-deňligi gazanmagy başardy.
«Atalanta» — «Dinamo» Z — 2:0 (Muriel, 27, pen. Gomes, 47).
27-nji minutda «Dinamo» Z-niň goragçysy jerime meýdançanyň içinde Murieli ýykdy. Netijede «Atalantanyň» hüjümçisi derwezä gol saldy. Ikinji ýarymda hem Bergamodan gelen topar hasaby 2:0-a çykardy.
«D» topar 
«Ýuwentus» — «Atletiko» — 1:0 (Dibala, 45+2).

Kriştianu Ronaldu Çempionlar ligasynda 175-nji gezek oýna çykyp, bu görkeziji boýunça Paolo Maldiniden öňe geçdi. Öňde diňe Iker Kasilýas galdy (188 oýun).
Duşuşygyň birinji ýarymynda Ronaldu känbir göze ilmese-de, Dibala aýgytly oýun görkezdi. Argentinaly oýunçy birinji ýarymyň gutarmagyna sekuntlar galanda jerime urgudan möwsümiň iň owadan gollarynyň birini saldy.
«Lokomotiw» — «Baýer» — 0:0 (Žemaletdinow, 11, öz derw., S.Bender, 54).

düýn 20:02
5k+

Týerri Anri tutuş karýerasyndaky üstünlikleri üçin BBC-niň hormat baýragyna mynasyp boldy

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we Londonyň “Arsenalynyň” ady rowaýata öwrülen hüjümçisi Týerri Anri karýerasyndaky ajaýyp üstünlikleri üçin "Lifetime Achievement" (Ömrüniň dowamynda gazanylan üstünlik) baýragyna mynasyp boldy...

düýn 18:19
949

Türkmenistan Hytaý Taýpeýinde geçirilen «FISU Healthy Campus» atly halkara maslahatyna gatnaşdy

9-14-nji dekabr aralygynda Hytaý Taýpeýinde ýokary okuw mekdeplerinde sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmäge «FISU Healthy Campus» atly halkara okuw maslahaty geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň baş sekretary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy Serdar Gurdow gatnaşdy...

düýn 12:35
8.5k+

Entoni Joşua altynjy raundda Jeýk Poly nokauta gidirdi

Britaniýaly boksçy, superagyr agramda öňki birleşdirilen dünýä çempiony Entoni Joşua amerikaly bloger we boksçy Jeýk Poldan üstün çykdy. Söweş 20-nji dekabrda ABŞ-nyň Maýami şäherindäki «Kaseýýa Sentr» arenasynda geçirilen ýaryşyň esasy wakasy boldy...

düýn 11:58
4.8k+

Türkmen karateçileri Özbegistanda Arkalaşyk kubogyna gatnaşýarlar

Türkmenistanyň kiokuşinkaý karate boýunça milli ýygyndy topary Arkalaşyk kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşýar. Ýaryş 19-21-nji dekabr aralygynda Özbegistanyň Nawoýy şäherinde geçirilýär. Meýlis Paşagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky toparyň düzümine üç türgen girdi...