Türkmenistanda söwda işini guramagyň Tertibinyň taslamasy işlenip düzüldi

  • 23.11.2019 16:34
  • 3.4k+

«Türkmenistanda söwda işini guramagyň we söwda hyzmatlaryny amala aşyrmagyň Tertibiniň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Anna güni geçirilen hökümet mejlisinde habar berlişi ýaly, bu resminama ilata edilýän hyzmatlaryň düzgünlerini kämilleşdirmäge we bu pudaga degişli edaralaryň işini döwrüň talabyna laýyk derejede alyp barmaga gönükdirilendir.
Bellenilişi ýaly, bu resminama Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryndan we Türkmenistanyň «Söwda işi hakynda», «Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda» Kanunlarynyň düzgünnamalaryndan ugur alnyp taýýarlanyldy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow söwda pudagynyň bazar ykdysadyýetine geçilýän şertlerde milli ykdysadyýetimiziň eýeleýän ornuny we ýeten derejesini äşgär edýän öňdebaryjy pudaklaryň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, olaryň bolçulygyny ýola goýmak, içerki bazarlarda zerur bolan önümleriň üpjünçiligini amala aşyrmak möhüm wezipe bolup durýar.
Bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi söwda edaralarynyň işiniň guralyşyna bagly bolup durýar. Şunlukda, sarp ediş bazarlarynyň we hyzmatlaryň üpjünçiligi, sarp edijileriň, telekeçileriň we döwletiň bähbitleriniň we hukuklarynyň goralmagy kadalaşdyryş kanunçylygyny, olaryň görnüşleriniň we usullarynyň utgaşdyrylmagy hem-de bu işlere degişli gözegçiligiň ýola goýulmagy esasynda alnyp barylmalydyr diýip, döwlet Baştutany belledi.
Önümleriň hilini we görnüşlerini artdyrmak, olaryň harytlyk görnüşini ýokarlandyrmak, pudagyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, marketing meselelerini ösdürmek işleriniň wajypdygyna ünsi çekip, Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

düýn 23:23
455

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

düýn 18:18
640

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......

10.05.2026 19:42
1.5k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......

10.05.2026 18:57
9.8k+

Gazagystanly milliarder baýlygynyň ýarysyny haýyr-sahawata berýär

2026-njy ýylyň aprelinde gazagystanly telekeçi, BI Group kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Aýdyn Rahimbaýew we onuň aýaly Anar resmi taýdan «The Giving Pledge» halkara başlangyjyna goşuldylar. Bu başlangyç......