27-nji noýabrda Manamada türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçiriler

  • 23.11.2019 16:21
  • 1.9k+

27-nji noýabrda Bahreýn Patyşalygynyň Manama şäherinde türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçiriler. Duşuşyga nebiti gaýtadan işleýän, himiýa, dokma we azyk senagatlarynda, senagat harytlarynyň önümçiliginde, gämi gurluşygynda, şeýle hem kommunikasiýa, syýahatçylyk, söwda, maýa goýum, bank ulgamy ýaly ugurlarda ýöriteleşdirilen döwlet düzümleriniň, kompaniýalaryň wekilleri gatnaşarlar.
Forumyň dowamynda bahreýn tarapyny Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary, öňdebaryjy pudaklarda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar bilen tanyşdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem onuň gün tertibine döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri giriziler. Çäräniň deslapky maksatnamasyna laýyklykda, ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek we birnäçe kärhanalara, senagat toplumyna baryp görmek göz öňünde tutulýar.
Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Bahreýn Patyşalygy bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Bar bolan mümkinçilikleri doly amala aşyrmagyň zerurdygyny belläp, döwlet Baştutany işewür duşuşyklaryň yzygiderli esasda geçirilmelidigini aýtdy. Öňde boljak türkmen-bahreýn işewürler maslahaty döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine, maýa goýum işjeňliginiň höweslendirilmegine, iki ýurduň telekeçi düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gönükdirilmelidir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

düýn 23:23
455

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

düýn 18:18
640

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......

10.05.2026 19:42
1.5k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......

10.05.2026 18:57
9.8k+

Gazagystanly milliarder baýlygynyň ýarysyny haýyr-sahawata berýär

2026-njy ýylyň aprelinde gazagystanly telekeçi, BI Group kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Aýdyn Rahimbaýew we onuň aýaly Anar resmi taýdan «The Giving Pledge» halkara başlangyjyna goşuldylar. Bu başlangyç......